Gijä galmagyň sebäbi smartfona bolan ýokary isleg ýa-da Apple kompaniýasynyň önümçilik kuwwatynyň çäkliligi bolup biler. Häzirlikçe bu ýagdaýlaryň haýsysynyň esasy sebäp bolandygyny anyklamak mümkin däl.
Satuw başlanmanka-da kompaniýanyň iPhone Duo-nyň önümçiligini tizleşdirmekde kynçylyk çekýändigi barada habarlar peýda bolupdy. Nikkei Asia neşiriniň geçen aý ýazmagyna görä, kompaniýa günde bary-ýogy ýüzlerçe iPhone Duo öndüripdir. Bu bolsa täze iPhone modelleri satuwa çykarylandaky adaty önümçilik depgininden has haýaldyr.
Şu ikarada telefonyň ýetmezçiliginden peýdalanýan alypsatarlar hem peýda boldy. Pursatdan peýdalanyp, eBay söwda meýdançasynda öňünden sargyt edilen telefonlary satmak barada onlarça bildiriş ýerleşdirildi. Ondaky käbir satyjylar iPhone Duo 5 200 dollara çenli baha kesýärler.