Arzanlar öýdülen öňki iPhone-lar täzeleri çykandan soň gymmatlady

10.09.2026, 18:538,490

Täze iPhone 18 Pro we iPhone Duo flagmanlarynyň tanyşdyrylyşyndan soň Apple özüniň resmi onlaýn-dükanynda öňki nesil smartfonlarynyň bahalaryny täzeledi.

Täze hataryň $100 gymmatlamagy sebäpli iPhone 16, iPhone 17, iPhone Air we iPhone 17e modelleriniň bahasy hem şonça ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa, adatdakysy ýaly, öňki flagman modelleri bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max smartfonlaryny satuwdan aýyrdy, ýöne olary entek bölek söwdagärlerden tapyp bolar.

Resmi Apple dükanyndaky täzelenen bahalar:

  • iPhone 17e: $699
  • iPhone 16: $799
  • iPhone 17: $899
  • iPhone Air: $1099

Ýatlap geçsek, bahalaryň gymmatlajakdygy bilermenler tarapyndan ep-esli öň çaklanylypdy. Iýun aýynda Apple-iň öňki baş direktory Tim Kuk elektronika bahalarynyň ýokarlanmagynyň gutulgysyzdygyny duýdurypdy. Tehnikanyň gymmatlamagynyň esasy sebäbi EA-maglumat merkezleriniň zerurlyklarynyň artmagy netijesinde ýüze çykan ýat çipleriniň ýetmezçiligi boldy.