Şu ýylyň üçünji çärýeginde smartfonlaryň satuwy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende tutuş dünýä boýunça 20 göterim azaldy. Counterpoint Research kompaniýasynyň geçiren barlagyna görä, bu 2012-nji ýyldan bäri üçünji çärýek üçin hasaba alnan iň pes görkezijidir.
Satuwyň azalmagynyň esasy sebäpleriniň biri DRAM we NAND görnüşli ýat çipleriniň ýetmezçiligi boldy. Olaryň bahasynyň ýokarlanmagy önümçilik çykdajylarynyň artmagyna getirdi. Netijede, öndürijiler enjamlaryň nyrhyny galdyrmaga mejbur boldular. Counterpoint kompaniýasynyň çaklamasyndan çen tutsaň, şu ýyl dünýäde smartfonlaryň bahasy ortaça 20 göterim gymmatlar.
Üçünji çärýegiň netijelerine görä, Samsung bazardaky öňdebaryjy ornuny saklap, 23 göterim paý bilen birinji ýeri eýeledi. Apple bolsa 22 göterim paý bilen ikinji orunda ýerleşdi. Bu kompaniýanyň gözegçilikleriň geçirilip başlan gününden bäri üçünji çärýekde gazanan iň ýokary bazar paýydyr.
Counterpoint kompaniýasynyň seljerijileriniň pikiriçe, ýylyň ahyryna çenli ykjam enjamlar bazarynda düýpli ösüş bolmaz.