Basyşdan soň öz güýjüne daýanan Huawei indi patentlerden tas $7 milliard gazanýar

Şu gün, 08:20751

Hytaýyň Huawei korporasiýasy bilen ABŞ-nyň Qualcomm kompaniýasy köp ýyllyk patent şertnamasyny baglaşdy. Şertnama laýyklykda, kompaniýalar 5G, emeli aň, tor we hasaplaýyş tehnologiýalary pudagyndaky patentlere özara ygtyýar alarlar.

Mundan başga-da, Qualcomm Huawei-iň ABŞ-daky şahamçasyna degişli patentleriň bir bölegini satyn alar.

Ylalaşygyň maliýe şertleri entek aýan edilmedi. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, Huawei-iň patent şertnamalarynyň umumy bukjasy häzirki wagtda $6,9 milliard diýlip bahalandyrylýar.

Patentlerden alynýan girdejileriň artmagy, kompaniýanyň öz tehnologiýalaryny we ylmy-barlag işlerini işjeň ösdürmeginiň netijesi boldy. Bu ugra Huawei-e ABŞ tarapyndan girizilen tehnologik gadaganlyklar has-da itergi berdi. Mahlasy, ABŞ-nyň gadaganlyklary Huawei kompaniýasyny tehnologik taýdan çetleşdirmek islese-de, tersine, ony gaýtam Günbatar ýurtlaryna garaşsyz, has güýçli, diňe bir önüm satýan däl-de, eýsem tehnologiýa lisenziýalaryny (patentlerini) satýan hakyky ylmy ägirde öwrülmegine getirdi.

Huawei häzir 5G we telekommunikasiýa ulgamynda dünýäde iň köp patente eýe bolan kompaniýa bolmagynda galýar. Qualcomm ýaly dünýä ägirtleri hem önümlerinde 5G toruny ulanmak üçin Huawei-iň birgiden patentlerine mätäçdir.

Qualcomm bilen hyzmatdaşlyk Huawei-iň Günbatar bazaryna tarap birinji ädimi däl. Awgust aýynda ABŞ-nyň HP kompaniýasy hem Huawei bilen şuňa meňzeş köp ýyllyk şertnama baglaşypdy.