Huawei Hytaýda Xingmang ady bilen tanalýan täze smartfon subbrendini - Starlight-y çykarmagy meýilleşdirýär. Deslapky habarlara görä, enjamlar elýeterli segmente gönükdiriler we esasan, internet arkaly satylar.
Täze brendiň Redmi, iQOO we Realme bilen bäsleşmegine garaşylýar.
Bar bolan maglumatlara görä, kompaniýa birbada birnäçe modeli işläp taýýarlaýar. Olaryň arasynda işjeň sowadyş üçin içki wentilýatory bolan smartfon hem bolup biler. Enjamlar üçin Huawei-iň öz hususy Kirin 8 we 9 seriýaly prosessorlaryny ulanmak göz öňünde tutulýar. Emma kompaniýa Starlight brendiniň işe giriziljekdigini häzirlikçe resmi taýdan tassyklamady.
Häzirki wagtda öndüriji dürli müşderilere niýetlenen birnäçe smartfon tapgyryny ösdürýär. Mate we Pura premium segmentine degişli bolsa, Nova dizaýna we kameralara aýratyn ünsi çekýär. Enjoy bolsa býujet smartfonlaryny satyn alýan müşderilere gönükdirilendir. Starlight bu ugurlaryň arasynda, ýagny arzan bahaly smartfonlar bilen öndürijiligi has ýokary bolan orta derejeli modelleriň arasyndaky orny eýeläp biler.
Bu çemeleşme Huawei-iň öňki strategiýasyny ýatladýar. Kompaniýanyň elýeterli bahaly, esasan-da, internet arkaly satylýan brendi hökmünde ösdürilen Honor soňra özbaşdak kompaniýa öwrüldi.
Starlight brendiniň ýene bir wezipesi HarmonyOS operasion ulgamyny ulanyjylaryň sanyny artdyrmak bolup biler. Neşirde berilýän maglumata görä, HarmonyOS 6 we HarmonyOS 7 ulgamlary bilen işleýän enjamlaryň sany 90 milliondan geçipdir. Şol bir wagtyň özünde, bu ulgamlar üçin ýörite işlenip taýýarlanan programmalaryň toplumy hem barha giňelýär.
Has elýeterli bahaly smartfonlar Huawei-e täze ulanyjylary çekmäge we programma işläp düzüjileriň gyzyklanmasyny artdyrmaga kömek edip biler. Şeýle-de bolsa, täze brendiň geljegi enjamlaryň bahasyna, olaryň elýeterliligine we alyjylaryň garaýşyna bagly bolar.