Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
20.06.2026 09:49
2.5k+
Bosch Huawei-ä enjam üpjünçiligi üçin ABŞ-na 36 million dollar jerime töleýär
Germaniýanyň Robert Bosch kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetleri bilen dawa-jenjelleri çözmek boýunça ylalaşyk baglaşdy. Ylalaşyga laýyklykda, kompaniýa 36 million dollar möçberinde jerime tölemäge borçlandy.
27.05.2026 15:34
2.7k+
Dört aýda 5,7 million sany Huawei Mate 80 satyldy
Huawei Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň satuwy çykandan bäri geçen dört aýyň içinde 5,7 million enjamdan geçdi. Bu barada pudaklaýyn analitik @RDObservation habar berdi.
25.05.2026 15:22
3.8k+
Hytaýda Huawei Mate 80-i ýere degirmän alýarlar: satuwlar 6 milliondan geçdi
Hytaýda «Huawei Mate 80» seriýaly smartfonlaryň satuwy 6 milliondan geçdi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, 6 million 93 müň 500 sany smartfon satyldy we bu görkeziji artmagyny dowam etdirýär.
21.05.2026 11:31
6.2k+
Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder
Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy.
17.05.2026 20:04
2.6k+
Dünýäde ilkinji: Huawei we Midea otagdaky kömürturşy gazynyň derejesini sazlamaga ukyply kondisionerleri döretdiler
«Midea» we «Huawei» kompaniýalary Hytaýda dünýäde ilkinji HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän akylly kondisionerleri tanyşdyrdylar. Bu enjamlar otagdaky kömürturşy gazynyň (CO2) derejesini awtomat usulda...
13.05.2026 07:30
2.9k+
Huawei 10 000 mA·sag kuwwatly we düýbünden täze gurluşly batareýany synagdan geçirýär
Huawei kompaniýasy materiallary we gurluşy boýunça täze nesil akkumulýatorlary synagdan geçirýär. Insajer «Digital Chat Station-yň» berýän maglumatyna görä, bu batareýalaryň sygymy 10 000 mA·sag derejesinden...
02.05.2026 11:11
2.1k+
Huawei 8500 mAs batareýaly Nova 15 Max modelini görkezdi
Huawei kompaniýasy resmi taýdan Nova 15 Max smartfonynyň täze suratlaryny paýlaşdy. Bu enjam dünýä bazaryna çykaryljak ilkinji «Max» seriýaly model bolar.
01.05.2026 08:01
5k+
Hytaýda awtoulag faralaryny kinoproýektora öwürdiler. Bu Huawei-iň täzeligi
Huawei kompaniýasy awtoulagyň yşyklandyryşyny, howpsuzlyk ulgamyny we multimediýa funksiýalaryny özünde birleşdirýän we faralary doly derejeli proýektora öwürýän täzelenen xPixel tehnologiýasy bilen...
22.04.2026 16:42
1.9k+
Huawei Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlaryny dünýä bazaryna çykarýar
Huawei kompaniýasy 2025-nji ýylyň ahyrynda hataryň resmi tanyşdyrylyşyndan soň Hytaýyň daşynda satuwa çykaryljak Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlarynyň global wersiýalarynyň tehniki häsiýetnamalaryny mälim...
21.04.2026 00:03
2.8k+
Huawei “Pura 90” smartfonlarynyň hataryny we eplenýän «Pura X Max» modelini tanyşdyrdy
Huawei kompaniýasy Hytaýda giň gerimli tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, smartfonlaryň täze flagman hatary bolan «Pura 90-y» we innowasion görnüşde eplenýän «Pura X Max» modelini resmi taýdan görkezdi.
20.04.2026 20:11
3.4k+
Huawei içinde gulaklyk ýerleşdirilen «Watch Buds 2» «akylly» sagadyny hödürledi
Huawei kompaniýasy «Pura 90» smartfon seriýasynyň tanyşdyrylyşy bilen bilelikde, özüniň innowasion önümi bolan «Watch Buds 2» akylly sagadynyň ikinji neslini resmi taýdan görkezdi. Bu enjam, gulaklyklary göni...
20.04.2026 15:28
1.9k+
Bilim ministrliginde Türkmenistanda Huawei ICT akademiýasyny döretmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Sýu Haý bilen duşuşyp, sanly bilimi ösdürmek we emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ornaşdyrmak...
19.04.2026 22:20
2.9k+
Huawei 20-nji aprelde almaz bilen bezelen premium smart-sagadyny tanyşdyrar
Huawei kompaniýasy smart-sagatlaryň premium hatarynda täze modeliň — Watch Ultimate Design Star Diamond Blooming Edition sagadynyň çykaryljakdygyny mälim etdi. Onuň tanyşdyrylyşy 20-nji aprele meýilleşdirildi.
15.04.2026 14:15
2.4k+
Huawei Pura 90 Pro we Pro Max modellerini yglan etdi: ilkinji suratlar peýda boldy
Huawei täze flagman smartfonlar seriýasy bolan Pura 90-yň çykaryljakdygyny habar berdi. Bu seriýa Pura 90 Pro we Pura 90 Pro Max modelleri girer. Olar 20-nji aprelde Hytaýda tanyşdyrylar. Kompaniýa bu gezek...
10.04.2026 20:33
3.3k+
Täze Huawei AI Glasses äýnekleri arkaly düşürilen ilkinji surat çap edildi
Huawei kompaniýasynyň sarp ediş harytlary bölüminiň baş direktory He Gan täze emeli aň tehnologiýaly "Huawei AI Glasses" äýnekleriniň kömegi bilen düşürilen ilkinji suraty paýlaşdy.
20.03.2026 18:48
3k+
Huawei içi sowadyjyly ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy
Huawei kompaniýasy işjeň sowadyş ulgamy bilen üpjün edilen Mate 80 Wind Chaser Edition smartfonyny resmi taýdan görkezdi. Bu modeliň çykjagy geçen ýyldan bäri belli bolsa-da, ol 2025-nji ýylyň noýabrynda «Mate 80» seriýasy bilen bile çykar öýdülip garaşylypdy
04.03.2026 18:41
2.5k+
SAIC we Huawei gyşky synaglaryň dowamynda täze Porsche Taycan görnüşli elektrik awtoulagy bilen tanyşdyrdy
SAIC awtokonserni we Huawei tehnologiýa ägirdi tarapyndan döredilen bilelikdäki Shangjie hytaý brendi ikinji modeli bolan Z7 elektrik awtoulagynyň gyşky synagynyň wideosyny çap etdi. Wideoda awtoulagyň dizaýny ilkinji gezek doly görkezilýär
04.03.2026 10:55
1.6k+
Xiaomi dakylýan elektron enjamlar bazarynyň lideri boldy
Omdia seljeriş kompaniýasynyň habaryna görä, geçen ýylyň netijeleri boýunça Xiaomi kompaniýasy satuwyň 18%-ini eýeläp, dakylýan elektronika bazarynyň lideri boldy. Bu sanawda Amerikanyň tehnologiýa läheňi Apple 17% bilen ikinji, Hytaýyň Huawei kompaniýasy bolsa 16% bilen üçünji orny eýeledi
02.03.2026 14:22
2.6k+
Huawei meşhur Mate 80 Pro modelini 1300 ýewro bahasy bilen dünýä bazaryna çykardy
Huawei kompaniýasy halkara bazary üçin Mate 80 Pro flagman smartfonyny tanyşdyrdy. Bu waka 2022-nji ýyldaky Mate 50 Pro modelinden bäri bu seriýanyň dünýä derejesindäki ilkinji uly hödürlenilişi boldy. Smartfonyň 16 GB operatiw we 512 GB içerki ýat (fleş-ýat) bilen üpjün edilen görnüşine 1300 ýewro baha kesildi
27.02.2026 12:03
1.5k+
Huawei 2025-nji ýyly 127 milliard dollar rekord girdeji bilen tamamlady
2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Huawei-iň girdejisi 127 milliard dollara ýetdi. Bu görkeziji kompaniýanyň 2020-nji ýyldaky, ýagny sanksiýalardan öňki derejesine laýyk gelýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär
16.02.2026 17:40
2.3k+
Huawei Hytaýyň akylly sagat bazarynda öňdebaryjy, ýöne Apple ösüşini çaltlandyrýar
Huawei kompaniýasy üpjünçiligini 46,8% artdyryp, bazaryň 24,5%-ine eýe bolmak bilen, Hytaýyň akylly sagat bazarynda birinji orny eýeledi. Bu barada Runto guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, My Drivers neşiri habar berýär
15.02.2026 09:14
3.2k+
26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler
Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler
06.02.2026 14:14
940
Apple bilen Lenovo-nyň yhlasy bilen planşet bazary geçen ýyl tas 10% ulaldy
Omdia seljeriji kompaniýasynyň hasabatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň planşetler bazary durgunlykdan soň gaýtadan dikeldi. Iberilen önümleriň möçberi 9,8% ösüp, 162 million gurluşa ýetdi we bu 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkeziji diýmekdir
18.01.2026 23:32
5.3k+
Hytaýda ilkinji gezek Huawei awtopilotly uzyn Audi A6L görkezildi
Täzelenen Audi A6L sedany Hytaýda resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol täze platforma, intellektual dolandyryş ulgamy we täzelenen hereketlendiriji düzümi bilen tapawutlanýar. Tehniki aýratynlyklar modeliň ilkinji görkezilişinde yglan edildi
17.01.2026 14:38
3.9k+
Huawei Apple-den öňe geçip, 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjy boldy
Huawei 2025-nji ýylyň jemi boýunça soňky bäş ýylda ilkinji gezek Hytaýyň smartfon bazarynda öňdebaryjylygy gaýdyp aldy. Muny South China Morning Post-a salgylanýan IDC analitiki kompaniýasynyň maglumatlary delillendirýär
16.01.2026 08:10
4.1k+
Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi
Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi
14.01.2026 10:40
4.2k+
Huawei-iň sedany Hytaýyň premium awtoulag bazarynda Porsche, BMW we Maybach-dan öňe geçdi
Huawei we JAC tarapyndan bilelikde işlenip düzülen Maextro S800 sedany, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň netijelerine görä, bahasy 700 000 ýuandan (100 000 dollardan gowrak) ýokary bolan awtoulaglaryň arasynda Hytaýyň bazarynda birinji orny eýeledi
11.01.2026 11:37
2.3k+
Huawei rowaýata öwrülen marafonçy Eliud Kipçoge bilen hyzmatdaşlykda täze ylgaw sagadyny döredýär
Huawei kompaniýasy sport dünýäsiniň rowaýaty şahsyýeti, marafonçy Eliud Kipçoge we professional Dsm-firmenich topary bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi. Bu hyzmatdaşlygyň esasy maksady — ylgawçylar üçin niýetlenen täze we ýöriteleşdirilen Running Watch seriýasyny hödürlemekdir
31.12.2025 08:10
3.7k+
Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy
Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar
29.12.2025 00:24
3.4k+
Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi
Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär
26.12.2025 09:09
6.2k+
Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji täze modelini tanyşdyrdy
Huawei we GAC bilelikdäki Qijing brendiniň ilkinji awtoulagyny — L3 derejeli awtonom sürüş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan sport uniwersalyny (shooting-brake) tanyşdyrdylar. Model heniz kamuflýažyň (örtükli) astynda görkezildi
20.12.2025 19:15
2.2k+
Huawei akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda lider boldy, Xiaomi bilen Apple-de deň paý bar
Huawei kompaniýasy şu ýylyň ilkinji üç çärýeginiň netijeleri boýunça dünýäniň akylly sagatlar we fitnes trekerleri bazarynda birinji orny eýeledi. IDC analitiki agentliginiň statistikasyna görä, korporasiýa hasabat döwründe 28,6 million enjam satyp, 18,6% bazar paýyny gazandy
16.12.2025 17:18
2.8k+
Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady
Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler
15.12.2025 14:58
1.9k+
Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy
Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat
15.12.2025 08:41
1.8k+
"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer
IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar
01.12.2025 13:33
3.9k+
Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy
Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar
29.11.2025 22:38
2.5k+
Insaýder geljekki Huawei Nova 15 hatarynyň aýratynlyklaryny aýtdy
Insaýder Digital Chat Station geljekki Huawei Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlary barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Habar berlişi ýaly, esasy model Nova 15 6,7 dýuým ekrana eýe bolar. Nova 15 Pro biraz uly – 6,84 dýuým displeýi alar
27.11.2025 10:22
1.9k+
Huawei inçe korpusly we kuwwatly Mate X7 eplenýän smartfonyny hödürledi
Huawei kompaniýasy Mate 80 hatary bilen birlikde öz Mate X7 eplenýän smartfonyny tanyşdyrdy. Model täzelenen dizaýna we kämilleşdirilen kameralara eýe bolup, öňküsinden has inçe we berk boldy. Mate X7 durulygy Full HD+, täzelenme ýygylygy 120 Gs we ýagtylygy 3000 nite çenli bolan 6,49 dýuým diagonally daşky ekran bilen üpjün edildi
26.11.2025 17:57
5.2k+
Huawei täze dizaýn bilen Huawei Mate 80 flagman hataryny hödürledi
Huawei Hytaýda Mate 80 smartfon hataryny hödürledi. Esasy modelden başga-da, hatara Mate 80 Pro, Mate 80 Pro Max we Mate 80 RS Master Edition girdi. Smartfonlar premium bolup, täzelenen dizaýna, kuwwatly kameralara we flagman prosessorlara eýe boldy
26.11.2025 17:46
1.7k+
Huawei uly OLED ekrany we kuwwatly akkumulýator bilen planşet çykardy
Mate 80 smartfon hataryndan başga-da, Huawei kompaniýasy tanyşdyrylyş dabarasynda täze MatePad Edge planşetini görkezdi. Ol gibrid gurluş bolup, klawiaturaly esas arkaly noutbuga hem öwrülip bilýär. Täze planşetiň esasy aýratynlyklarynyň arasynda durulygy 3120 x 2080 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14,2 dýuýmlyk uly OLED ekrany bar
«
1
2
…
6
»
«
1
2
3
4
5
6
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.