Huawei Pura 90 Plus smartfony satuwa çykarylýar

Düýn, 18:221,757
1 / 2

Huawei kompaniýasy Kirin 9025 prosessoryny alan Pura 90 Plus smartfonyny hödürledi. Enjam bir dýuýmlyk sensory bolan esasy kamera, 120 Gs çenli adaptiw täzelenme ýygylygy bolan displeý we 5700 mA/sag sygymly akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy.

Hytaýda satuw 31-nji oktýabrda başlar.

Smartfon 2848×1276 piksel durulygy we ikinji nesil Kunlun Glass gorag aýnasy bolan 6,8 dýuýmlyk OLED displeýini aldy. Metal çarçuwaly gabaranyň ýogynlygy 8,3 mm, enjamyň agramy bolsa, takmynan, 220 gramdyr.

Esasy kamera 50 Mp bolup, ol bir dýuýmlyk formatdaky sensory, f/1,6–4,0 üýtgeýän diafragmany we optiki durnuklaşdyrmany ulanýar. Şeýle-de onda 40 Mp ultra giň burçly modul we optiki durnuklaşdyrma bilen 48 Mp telefotokamera bar. Soňkusy, takmynan, 4 esse optiki zumy üpjün edýär we kiçijik obýektleri 5 sm aralyga çenli düşürmäge (makro) mümkinçilik berýär. Şeýle hem Red Maple multispektral datçigi göz öňünde tutuldy. Öňdäki kameranyň durulygy 13 Mp.

Smartfonyň ähli görnüşleri 12 GB operatiw ýat bilen enjamlaşdyryldy. Içki ýadyň göwrümi 256 GB, 512 GB ýa-da 1 TB barabar. Huawei-iň nygtamagyna görä, umumy öndürijilik, Pura 80 Pro bilen deňeşdirilende, 19% ýokarlandy.

5700 mA/sag sygymly akkumulýator 100 Wt çenli kuwwatly simli, 80 Wt çenli simsiz we 18 Wt çenli ters zarýady goldaýar. Simsiz zarýadyň iň ýokary kuwwaty üçin degişli Huawei aksessuarlary gerek.

Enjamyň üpjünçiligine Wi-Fi 7, Bluetooth 6.0, NFC, infragyzyl geçiriji we gapdal barmak skaneri girýär. Smartfon IP68 we IP69 standartlary boýunça suwdan hem-de tozandan goragly. Ol HarmonyOS 7 operasion ulgamynyň dolandyrmagy bilen işleýär.

Başlangyç modelden Pura 90 Plus modeli Kirin 9010S-iň deregine Kirin 9025 prosessory we akkumulýatoryň sygymynyň azlygy (6500 mA/sag-a garanyňda 5700 mA/sag) bilen tapawutlanýar. Pura 90 Pro we Pro Max görnüşlerinde Kirin 9030S ulanylýar. Pro Max modelinde 200 Mp telefotomodul oturdylan.

Hytaýda Huawei Pura 90 Plus smartfonynyň bahalary:

  • 12/256 GB — 5499 ýuan (takmynan, $825).

  • 12/512 GB — 5999 ýuan (takmynan, $900).

  • 12 GB / 1 TB — 6999 ýuan (takmynan, $1050).

28-nji oktýabrdan 30-njy noýabra çenli 300 ýuana çenli arzanladyş hereket edýär. Şol aralykda başlangyç baha 5199 ýuana (takmynan, $780) çenli düşürildi.