Hytaýyň Yanxi Technology kompaniýasy hereketleri we duýgulary adamyňka meňzeş Yansyn-X2 atly ynsanpisint roboty tanyşdyrdy. Robot gynançly ýagdaý ýüze çyksa gözünden ýaş akdyryp hem bilýär. Täze taslama Şanhaýda geçirilen Inclusion Conference 2026 forumynda görkezildi.
Robot birnäçe sekundyň içinde gözüni ýaşdan doldurmaga ukyplydyr. Bu täsiri döretmek üçin işläp düzüjiler emeli aňdan we mikroakym ulgamyndan peýdalanypdyrlar.
Emeli aň algoritmi söhbetiň mazmunyny we gürrüňdeşiniň gepleýşini seljerip, nähili duýgy bilen jogap bermegiň gerekdigini kesgitleýär. Ulgam gynançly ýa-da duýgudaşlyk bildirilmegini talap edýän mazmundaky gürrüňiň gidip duranyna düşünse, robotyň ýüz keşbi üýtgeýär. Şondan soňam mikroakym ulgamy göze suwuklyk inderýär.
Işläp düzüjiler robotyň aslynda duýup bilmeýändigini nygtaýar. Bu tehnologiýanyň maksady adam bilen enjamyň arasyndaky gatnaşygy has tebigylaşdyrmakdan ybarat. Bu ugra affektiw hasaplamalar diýilýär. Ol adam duýgularyny tanap, şoňa laýyklykda jogap berip bilýän ulgamlary döretmäge gönükdirilendir.
Häzirlikçe Yansyn-X2 ýöremeýän görnüşdäki robot bolup, ol kellesini öwrüp, adamlaryň hereketini yzarlap we ellerini gymyldadyp bilýär. Robotyň ýüzi lukmançylykda ulanylýan silikondan ýasalan, hereket etmegini bolsa biohakyky gurluşa meňzedilip taýýarlanan bölekler üpjün edýär.
Kompaniýa geljekki görnüşlerinde serwomotorlaryň ýerine robotyň ýüz hereketleriniň has ýumşak we dürli görnüşde bolmagyny üpjün etjek biologik myşsalara meňzeş hereketlendirijileri ulanmagy meýilleşdirýär.
Yansyn-X2-niň döredilmegi ynsanpisint robotlary kämilleşdirmäge gönükdirilen has giň ugruň bir bölegidir. Bu ugurda robotlaryň hereket tizligini we takyklygyny, amaly başarnyklaryny, şeýle-de ynsan duýgularyny ýüze çykaryp bilmek ukybyny bir wagtyň özünde ösdürmäge çalşylýar.