Ýassygyň aşagynda goýulýan we ýanyňda ýatana päsgel bermeýän kolonka çykaryldy

Şu gün, 08:081,683
1 / 4

Baseus kompaniýasy Hytaýda ýassygyň aşagynda goýulýan adaty bolmadyk Sleep SK1 Bluetooth kolonkasyny tanyşdyrdy.

Täze enjam ses tolkunlaryny yrgyldy arkaly gönüden-göni kellä ýetirýär. Şonuň netijesinde ulanyjy aýdym-saz, podkast ýa-da uklamaga kömek edýän sesleri dişläp bilýär. Şol bir wagtyň özünde, enjamyň sesi ýanyňda ýatan adama päsgel bermeýär.

Enjamyň galyňlygy 14 mm, agramy bolsa 44 gram. Ol Bluetooth 6.0 tehnologiýasyny goldaýar we smartfona yzygiderli baglanmazdan işläp bilýär. Kompaniýanyň ýörite programmasynda dynç almaga, rahat uklamaga kömek edýän 100-den gowrak ses ýazgysy bar – ýagşyň sesi, oduň şatyrdysy, tebigatyň sesleri we ASMR ýazgylary.

Şeýle-de enjamda 30–120 minut aralygynda sazlap bolýan uky taýmeri we ýanyňdaky ýatanlary oýarmaýan 10-a çenli oýaryjy sagadyň wagtyny sazlamak mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr.

Sleep SK1 Hytaýda eýýäm JD.com internet dükanynda 184 ýuandan (takmynan, 26 dollar) satlyga çykaryldy.