Samsung altyn gabaraly kaşaň W27 eplenýän smartfonyny hödürledi

Düýn, 20:453,403
1 / 6

Samsung kompaniýasy täze W27 eplenýän smartfonyny — Hytaý bazary üçin özboluşly dizaýna eýe bolan Galaxy Z Fold maşgalasynyň premium wersiýasyny tanyşdyrdy.

Samsung W27 smartfony Galaxy Z Fold 8 Ultra smartfonynyň binýadynda döredildi, ýöne esasy üns onuň daşky görnüşine gönükdirildi. Smartfon gyzyl we gök reňklerde hödürlenýär, gabaranyň çarçuwasyny, şarniri we kamera bloguny bolsa altynsow öwüşginler bezeýär.

Smartfonyň yzky panelinde «Dünýä üçin ýürek» (Xin Xi Tian Xia) logotipi ýerleşdirildi. Bu Samsung bilen China Telecom-yň köpýyllyk bilelikdäki taslamasynyň adydyr. Enjamyň öňki we arka panelleri Corning Gorilla Glass Ceramic 3 aýnasy bilen goralýar.

W27-niň ýogynlygy ýapylan ýagdaýynda 8,9 mm, açylan ýagdaýynda bolsa bary-ýogy 4,1 mm deň. Agramy bolsa 215 gram.

Smartfon 6,5 dýuýmlyk daşky displeý we 8 dýuýmlyk içki eplenýän ekran bilen enjamlaşdyryldy. Öndürijilige Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory jogap berýär, esasy kamera bolsa 200 Mp durulygy bolan sensory aldy. Şeýle hem smartfon 5000 mA/sag sygymly akkumulýator, hemra arkaly aragatnaşyk goldawy we One UI 9 örtükli Android 17 operasion ulgamy bilen üpjün edildi.

Samsung W27 16 GB operatiw ýat we 512 GB ýa-da 1 TB içki ýat bilen hödürlenýär. Birinji görnüşi 18 999 ýuan (takmynan, $2850), ikinjisi bolsa 21 999 ýuan (takmynan, $3300) durýar. Smartfon eýýäm Samsung-yň Hytaýdaky resmi internet-dükanynda elýeterlidir.

Enjam kuwwatlylygy 45 Wt bolan zarýad beriji adapter we kewlardan ýasalan gorag daşlygy bilen bilelikde kolleksiýa gutusynda hödürlenýär.