Hytaýda jenaýatçylardan goraýan kung-fu roboty döredildi

Düýn, 13:303,088
1 / 2

Hytaýyň Unitree Robotics kompaniýasy adamlary jenaýatçylardan goramak we howply ýagdaýlarda kömek etmek üçin niýetlenen H2-X Kung Fu Legend: Guardian atly ynsanpisint robotyny hödürledi. Bu barada «South China Morning Post» neşiri habar berýär.

Robot «H2» modeliniň binýadynda döredildi. Onuň boýy 1,8 metre, agramy bolsa, takmynan, 70 kilograma barabar. Kompaniýanyň mahabat wideosynda robot bir gyzy nykaply eli pyçakly topulýandan goraýar, gündogar söweş sungatynyň tilsimlerini görkezýär we aşagynda galan adamy halas etmek üçin awtomobili ýokary galdyrýar.

Neşiriň maglumatlaryna görä, robot, şeýle hem topulýany saklamaga ýa-da adamy bat bilen gelýän awtomobiliň öňünden bir ýana aýyrmaga ukyplydyr. Ýöne öndüriji häzirlikçe onuň doly tehniki häsiýetnamalaryny aýan etmedi we haçan satuwa çykjakdygyny, bahasynyň näçe boljakdygyny hem habar bermedi.

Şeýle robotyň peýda bolmagy, robototehnika öndürijileriniň täsirli tanyşdyrylyş modellerinden hakyky şertlerde amaly taýdan ulanylyşa niýetlenen görnüşlere geçmäge ymtylýandygyny görkezýär. Robotyň mälim edilen mümkinçilikleriniň gündelik durmuşda ulanylyşa näderejede ýaramly boljakdygy häzirlikçe näbelli.