Figure AI kompaniýasy Figure 02 kysymly ynsanpisint robotlarynyň köpüsini ulanyşdan çykardy. Ýöne kompaniýa muny adaty bolmadyk usulda amala aşyrdy: robotlar özbaşdak ýagdaýda Finlýandiýanyň Imatra şäherindäki içinde eredilen polat bolan, 75 tonnalyk elektrik dugaly peje bökdüler. Bu ýagdaý meşhur «Terminator 2» filmindäki sahnany ýatladýar.
Munuň üçin robotlar ýörite taýýarlanyldy. Täze hereket modelini döretmek maksady bilen, inženerler kaskadýorlaryň hereketlerinden peýdalanyp, birnäçe simulýasiýa geçirdiler. Şeýlelikde, Figure 02 robotlary peje bökmegiň traýektoriýasyny we takyk pursadyny özbaşdak hasapladylar.
Taýýarlyk üçin bary-ýogy bir gün, polady eretmegiň alty tapgyry we her tapgyrda, takmynan, 20 minut wagt bardy. Çünki şondan soň ergin poladyň ýüzünde gaty gatlak emele gelip başlaýardy.
Taslama aktýoryň özi hem gatnaşdy. Kompaniýanyň aýtmagyna görä, ulanyşdan çykarylan robotlary eredip ýok etmek pikiri-de hut Şwarseneggere degişli.
Ulanyşdan çykarylmazyndan öň Figure 02 robotlary BMW-niň ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynda işlediler. Olar şol döwürde:
• 10 sagatlyk çalşyklar bilen 1250 sagatdan gowrak wagt işlediler;
• 90 müňden gowrak şaýy zawodda gerekli ýerlere ýerleşdirdiler;
• takmynan 1,2 million ädim ätdiler;
• 30 müňden gowrak BMW X3 awtoulagynyň öndürilmegine goşant goşdular.
Figure AI kompaniýasy F.02 robotlaryny hatardan çykarmagynyň sebäbini has täze F.03 modelleriniň sanynyň artmagy bilen düşündirdi. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, her bir roboty el bilen sökmek inženerlerden ep-esli wagty talap edýär. Şeýlelikde, kompaniýa bu wagty täze nesil F.04 robotlaryny işläp taýýarlamaga gönükdirmegi has makul bildi.
Figure 02-niň iň soňky özbaşdak ýerine ýetiren wezipeleriniň biri hem öz-özüni gaýtadan işlemäge ibermek boldy.