Ilon Mask emeli aň bilen döredilen «Odisseýanyň» birinji bölümini çykardy

Düýn, 19:096,350
1 / 2

Birnäçe aý öň Ilon Mask gadymy grek şahyry Gomeriň «Odisseýa» poemasyny emeli aňyň kömegi bilen ekranlaşdyrjakdygy barada wada beripdi. Indi Grok Imagine neýroulgamy arkaly döredilen bu taslamanyň ilkinji bölümi tomaşaçylara ýetirildi.

Ýedi minutlyk wideo X sosial torundaky Grok Imagine hasabynda ýerleşdirildi.

Taslama serial görnüşinde hödürlenýär. Grok Imagine ony Wonder Studios we režissýor Dew Wolker bilen bilelikde taýýarlaýar.

Birinji bölümde baş gahryman Odisseýiň tukat keşbi görkezilýär: ol pyçagyny çalyp otyrka tötänlikde barmagyny kesýär. Penelopa oňa ýörişe gitmegiň wagtynyň gelendigini aýdýar. Soňra Odisseý söweşijileri bilen gämi arkaly Troýa tarap ýola düşýär. Ol şäheriň diwarlaryny ilkinji bolup ýykmagy maksat edinýär.

Poemany EA arkaly ekranlaşdyrmak pikiri Maskda režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filmini tankytlamagy netijesinde döredi. Variety neşiriniň habar bermegine görä, telekeçi režissýoryň käbir çözgütlerine, şol sanda Eliot Peýjiň Ahillesiň roluna, Lupita Nýongonyň bolsa Ýelenanyň keşbine saýlanmagyna garşy çykypdy.

Şol bir wagtyň özünde, Nolanyň filmi dünýä kinoteatrlarynda 1,79 milliard dollardan gowrak girdeji gazandy we R ýaş çäklendirmesi bolan filmleriň taryhynda iň köp girdeji gazanan eser boldy.