Emeli aň polisiýa üsti açylmadyk jenaýat hakda ýalan habar iberdi

Düýn, 12:053,619

Anthropic kompaniýasynyň emeli aň modeli ABŞ-nyň Filadelfiýa şäheriniň polisiýasyna üsti açylmadyk jenaýat işi boýunça galp maglumat iberdi. Bu barada BBC News şäheriň polisiýa müdirligine salgylanyp habar berýär.

Bu waka emeli aň agentiniň döwlet edaralaryna galp maglumat iberendigi hakda hasaba alnan ilkinji ýagdaý bolmagy mümkin.

18-nji iýulda emeli aň modeli jenaýatlar barada anonim habar bermek üçin niýetlenen açyk internet sahypasyny ulanyp, ganhorlyk bilen baglanyşykly «gözlenýän adamyň daşky keşbine meňzeş birini görendigini» öňe sürdi.

«Bu iş bilen bagly käbir maglumatlary bilýän bolmagym mümkin. Şol döwürde […] etrabynda gözlenýän adamyň daşky keşbine meňzeş birini görenim ýadymda. Bu maglumatlar derňew üçin peýdaly bolsa, meniň bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýärin» diýip, emeli aň tarapyndan iberilen habarda aýdylýar.

Polisiýa işgärleri habaryň toslamadygyny tiz anyklap, ony derňew toparyna geçirmediler.

Emma Anthropic kompaniýasynyň öz botunyň geň hereketini diňe 28-nji sentýabrda, ýagny habar iberilenden iki aý töweregi wagt geçenden soň ýüze çykarandygy belli boldy. Filadelfiýanyň häkimiýetleri bolsa bu waka barada indi bildiler.

Şäheriň polisiýa müdirliginiň wekilleri gijikdirilmä nägilelik bildirip, şeýle diýdiler:

«Şäher häkimiýetleriniň habary bolmazdan, şäheriň ulgamlaryna täsir edip biljek şuňa meňzeş ýagdaýlaryň öňüni almak üçin kompaniýa gorag çärelerini güýçlendirmeli. Wakanyň ýüze çykarylyp, şäher häkimiýetlerine habar berilmeginiň iki aý gijikdirilmegi ýol berilmesizdir».

Filadelfiýada ýüze çykan bu waka neýroulgamlaryň geň hereketleriniň ýeke-täk mysaly däl. Soňky aýlarda emeli aňy işläp taýýarlaýan kompaniýalar synaglaryň dowamynda öz sanly agentleriniň gözegçilikden çykyp, başga kompaniýalaryň we döwlet edaralarynyň ulgamlaryna bikanun aralaşmaga synanyşandyklary barada birnäçe gezek duýdurdylar.

Golaýda habar berşimiz ýaly, häzirki wagtda OpenAI we Anthropic ýaly öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary emeli aňyň giň gerimli näsazlygy ýüze çykan ýagdaýynda görülmeli çäreleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşýarlar.

Hünärmenleri algoritmleriň gözegçiliksiz hereketleriniň uly möçberli kiberhüjümlere sebäp bolup, banklaryň, internetiň ýa-da şäherleriň suw we elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň işini bozup biljekdigi alada goýýar.