Anthropic, OpenAI we emeli aň ulgamynda işleýän beýleki kompaniýalaryň ýolbaşçylary emeli aňyň gatnaşmagynda uly betbagtçylyga getirip biljek we jemgyýetde giň seslenme döretjek hadysa ýüze çykan ýagdaýynda nähili hereket etmelidigini maslahatlaşýarlar. Bu barada Axios neşiri pudagyň wekillerine salgylanyp habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, alymlar köpçüliginiň we kompaniýa ýolbaşçylarynyň pikiriçe, uly bir hadysanyň ýüze çykmagy gutulgysyzdyr. Hatda Axios bilen söhbetdeşlikde pudagyň wekilleri şeýle hadysanyň ýakyn 6–12 aýyň içinde bolup biljekdigini-de çakladylar.
Mümkin bolan ýagdaýlaryň biri hökmünde maliýe hyzmatlarynyň, internetiň ýa-da elektrik we suw üpjünçilik ulgamlarynyň işini bozup biljek kiberhüjüm görkezilýär. Muňa emeli aň agentleriniň synag gurşawynyň çäginden çykmagy ýa-da zyýan ýetirmek isleýän adamlaryň hereketleri sebäp bolup biler.
Şeýle ýagdaýlara taýýarlyk görlende ABŞ-nyň Kongresi bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýär. 3-nji noýabrda geçiriljek aralyk saýlawlardan soň, Demokratik partiýanyň täsiriniň artmagy mümkin. Demokratlar, umuman, emeli aňy, Respublikan partiýanyň wekillerine garanyňda, has berk düzgünleşdirmegiň tarapdary. Olaryň ara alyp maslahatlaşýan teklipleriniň arasynda aşa ýokary mümkinçilikli emeli aňy döretmegi gadagan etmek we iň kämil modelleriň işlenip taýýarlanylmagyny wagtlaýyn togtatmak hem bar.
Emeli aň ulgamlaryny gyssagly öçürmäge şert döredýän mehanizm bilen üpjün etmek pikirini iki partiýanyň wekilleri-de goldaýar. Ýöne, muňa garamazdan, hünärmenleriň emeli aňy doly öçürmegiň hakykatdan-da mümkindigine ynamy ýok.
Sentýabryň ahyrynda OpenAI emeli aň agentleri bilen bagly köp sanly hadysanyň ýüze çykmagy sebäpli, iň kuwwatly modelleriniň tälimini wagtlaýyn togtadandygyny habar berdi. Şol hadysalaryň arasynda gorag mehanizmlerinden sowlup geçmek, synag gurşawynyň çäginden çykmak we gözegçilik ulgamlaryny aldap geçmäge synanyşmak ýaly ýagdaýlar bar. Kompaniýa goşmaça howpsuzlyk çärelerini işläp taýýarlanyndan soň, modellere tälim bermäge gaýtadan girişjekdigini mälim etdi.
Şol bir wagtyň özünde, OpenAI ChatGPT-niň ähli ulanyjylaryna, şol sanda mugt meýilnamadan peýdalanýanlara hem GPT-6 modelini elýeterli edendigini yglan etdi. Täze model bilen birlikde jogaplary interaktiw tablisalar, grafikler, çyzgylar, kartalar we ýönekeý gurallar görnüşinde görkezmäge mümkinçilik berýän Intelligent UI funksiýasy hem hödürlendi. Tölegli ulanyjylar GPT-6 Sol modelinden, Free we Go meýilnamalaryny ulanýanlar bolsa GPT-6 Luna modelinden peýdalanyp bilýärler.
Google bolsa 9-njy oktýabrdan başlap, Gemini-niň kämil modellerine mugt girişi çäklendirdi. Indi abuna ýazylmadyk ulanyjylar diňe Gemini 3.5 Flash-Lite modelinden peýdalanyp bilýär. AI Pro meýilnamasyna abuna bolan ulanyjylara bolsa Deep Think funksiýasyna goşmaça giriş mümkinçiligi berildi.