Donald Tramp «Super aň güýçleriniň» döredilýändigini yglan etdi

Şu gün, 10:46344
1 / 2

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň administrasiýasynyň düzüminde «Super aň güýçleriniň» (Super Intelligence Force) döredilýändigini yglan etdi. Bu barada Reuters habar berýär.

Täze gurluş hökümetiň emeli aň ulgamyndaky işlerini, şeýle hem häkimiýetleriň tehnologiýa kompaniýalary we sarp edijiler bilen özara gatnaşyklaryny utgaşdyrar.

«Super aň güýçleriniň» ýolbaşçysy wezipesine ABŞ-nyň Milli aňtaw gullugynyň direktory Jeý Kleýton bellenildi. Ol The Wall Street Journal gazeti bilen söhbetdeşliginde toparyň ilkinji wezipesiniň emeli aňyň ösüşi bilen bagly töwekgelçilikler we mümkinçilikler barada 120 günüň dowamynda hasabat taýýarlamakdygyny aýtdy. Şeýle hem hasabatda bu ugurda hökümetiň nähili orun eýelemelidigi barada teklipler hem hödürlener.

Täze gurluşyň döredilmegi Trampyň administrasiýasynyň emeli aňy düzgünleşdirmek boýunça nobatdaky ädimi boldy.

30-njy sentýabrda ABŞ-nyň prezidenti Ak Tamda iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşygyň netijesinde gatnaşyjylar emeli aňyň howpsuzlygy we oňa gözegçilik etmek bilen bagly meselelere has köp üns berilmegini göz öňünde tutýan resminama gol çekdiler.