Türkmen wekiliýeti Kazan Digital Week – 2026 halkara forumyna gatnaşdy

31.10.2026, 19:491,568
1 / 4

29–31-nji oktýabr aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde «Kazan Digital Week – 2026» halkara forumy geçirildi. Bu giň gerimli çärede Türkmenistanyň wekiliýetine aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew ýolbaşçylyk etdi.

«Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde geçirilen foruma dünýäniň 76 ýurdundan 20 müňden gowrak wekil, şol sanda döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, işewür toparlaryň hem-de ylmy düzümleriň wekilleri, sanly tehnologiýalary işläp düzüjiler gatnaşdy.

Forumyň esasy mowzugy emeli aňyň amaly taýdan ulanylyşy hem-de senagatda, döwlet dolandyryşynda, saglygy goraýyşda, bilimde, oba hojalygynda sanly çözgütleri ornaşdyrmak we kiberhowpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boldy.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy B.Berdiýew açylyş dabarasynda çykyş edip, ýurtda durmuşa geçirilýän sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan sanly gün tertibini işjeň ösdürmek arkaly, Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň esasy üstaşyr gatnawlarynyň çatrygynda ygtybarly sanly köprini kemala getirmegi maksat edinýär.

Çykyşda döwlet we jemgyýetçilik pudaklarynda emeli aň çözgütlerinden peýdalanmak boýunça işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Hususan-da, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryna adaptiw bilim beriş ulgamlary hem-de keselleri irki anyklaýyş algoritmleri ornaşdyrylýar, ykdysadyýetde bolsa ekinleriň hasyllylygyny öňünden çaklamak we ýol hereketini intellektual dolandyrmak ulgamlary işe girizilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Arkadag şäheriniň «akylly» we ekologiýa taýdan durnukly şäheriň nusgasyna öwrülendigini nygtady. Bu şäheriň infrastrukturasy doly derejede öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk hem-de «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýar. Zatlaryň interneti (IoT) we emeli aň ulgamlary umumy şäher dolandyryş hem-de howpsuzlyk platformasyna birleşdirildi.

Forumyň çäginde döwlet guramalarynyň, iri kompaniýalaryň we täze döredilen kiçi tehnologik kärhanalaryň sanly çözgütlerini görkezýän tehnologik oýlap tapyşlaryň sergisi hem geçirildi.