Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda 371 kitap neşir etdi. Olaryň ählisi emeli aňyň kömegi bilen ýazyldy diýip, ýerli EWN radiosy habar berýär.
2025-nji ýylyň fewralynda Hart emeli aňyň kömegi bilen ýazmaga başlady. Mundan öň ol 14 ýyllap neşirýat işinde zähmet çekdi we adaty usulda onlarça eseri ýazdy.
Ýazyja birnäçe emeli aň modellerini özleşdirmek we gysga wagtyň içinde doly derejeli kitaplary ýazmaga ukyply bolan hususy ulgamy döretmek üçin üç aý töweregi wagt gerek boldy. Şol bir wagtyň özünde, Hart emeli aň üçin sýužeti, stili, gahrymanlaryň häsiýetlerini özbaşdak kesgitläp berýär we bölümleriň hem meýilnamasyny düzýär. Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut ýeterlik.
Ýazyjy öz kitaplarynyň bir milliondan gowrak nusgasyny satyp, 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak girdeji gazandy.
Hartyň aýtmagyna görä, kitabyň ilkinji garalamasy, adatça, kämillikden uzakda bolýar. Soňra tekst mazmun taýdan düzetmek we beýan etmedäki üzňelikleri aradan aýyrmak üçin neýroulgamdan iki gezek geçirilýär. Jemleýji tapgyrda bolsa tekst emeli aňyň galdyran yzlaryny düzetmek üçin adam tarapyndan okalyp geçilýär. Şondan soň eser neşir etmäge taýýar bolýar.
Hartyň romanlarynyň biri «Amazon» platformasynyň iň gowy 100 bestselleriniň hataryna girdi. Onuň emeli aň bilen bilelikde ýazan kitaplarynyň aglaba köplügi söýgi romanlarydyr. Hartyň eserleri sanly, çap we audio görnüşlerde çykýar. Ýazyjy özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy diýip hasaplaýar. Häzirki wagtda ol emeli aňdan peýdalanýan awtorlar üçin programma üpjünçiligini işe girizmäge taýýarlanýar. Platforma «Authorythm» diýlip atlandyryldy.