Mass General Brigham amerikan kompaniýasynyň hünärmenleri emeli aňyň esasynda ýüzüň ýeke bir fotosuraty arkaly onkologiýa diagnozy goýlan hassanyň diri galmak ähtimallygyny bahalandyrýan täze ulgamy döretdi. Bu barada «The Guardian» neşiri ýazýar.
Model ýaşy we etnik degişliligi dürli bolan adamlaryň ýüzleriniň 40 milliondan gowrak fotosuratynyň esasynda okadyldy. Ulgam adamyň biologik ýaşyny — hakyky hronologik ýaşyny däl-de, näçe ýaşly görünýändigini kesgitleýär we şonuň esasynda rak keselli näsaglaryň ýagdaýynyň netijelerini çaklaýar.
Tehnologiýanyň binýadynda lukmanlar iki sany guraly işläp düzdi: «FAHR-FaceAge» näsagyň biologik ýaşyny anyklaýar we ony onkologik kesellerde diri galmagyň ähtimallygyny çaklamak üçin ulanýar, «FAHR-FaceSurvival» bolsa göni ýüzüň suraty arkaly diri galmak ähtimallygyny aýdýar.
Algoritmleriň ikisi-de bir modelden gelip çykýan hem bolsa, ýüzüň dürli aýratynlyklaryna daýanyp, netije çykarýar: birinjisi burnuň ganatlaryndan erne çenli bolan epinleri, gözüň hanalarynyň üstündäki maňlaý zolagyny we çekgeleri, ikinjisi bolsa gözüň astyndaky we seňrigiň töweregindäki zolagy seljerýär.
Barlagyň uly awtorlarynyň biri Hýugo Aerts munuň EA modeliniň ýönekeý fotosurat arkaly rakdan diri galmak ähtimallygyny göni çaklamaga ukyplydygynyň ilkinji gezek görkezilişidigini belledi.
ABŞ-da şöhle bejergisini geçen onkologik näsaglaryň arasynda «FAHR-FaceAge» bahalandyrmasy boýunça hakyky ýaşyndan bäş we ondan köp ýaş uly görnen adamlarda ölüm töwekgelçiligi 21% ýokary boldy, bäş ýaş we şondan hem köp ýaş görnenlerde bolsa bu töwekgelçilik 17% pes boldy.
Işiň netijeleri biologik ýaşy bahalandyrmagyň adamyň fiziki ýagdaýy bilen ýakyndan baglanyşyklydygyny görkezýär, bu bolsa näsagyň bejerginiň belli bir görnüşlerini geçirmek ukybyny görkezip biler. Şeýle emeli aň seljermesi lukmanlara bejeriş ýoly babatda çylşyrymly çözgütleri kabul etmekde we bejergiden soňky gaýra üzülme töwekgelçiligini çaklamakda kömek edip biler.
Şol bir wagtyň özünde, lukmanlar guraly köpçülikleýin ulanylyşa goýbermezden ozal, goşmaça synaglaryň zerurdygyny nygtaýar.