ABŞ-nyň sekiz ştatynyň — Aýowanyň, Aýdahonyň, Arizonanyň, Arkanzasyň, Günbatar Wirjiniýanyň, Kanzasyň, Montananyň we Nebraskanyň Baş prokuraturalary OpenAI kompaniýasyna garşy şikaýat arzasyny berdi. Olar işläp düzüjilere jerime salmagy we ChatGPT neýroulgamynyň işini üýtgetmegi talap edýär.
2026-njy ýylyň tomsunda şeýle şikaýat arzasyny Florida ştaty hem beripdi.
Nägilelikler, hususan-da, çagalaryň we ýetginjekleriň howpsuzlygy bilen baglanyşykly. Prokurorlar hyzmatyň kämillik ýaşyna ýetmedikleri howply mowzuklary maslahatlaşmakdan ýeterlik derejede goramaýandygyny öňe sürýär, şeýle hem kompaniýa olaryň howpsuzlygyny kepillendirip bilýänçä, öz-özünden öwrenýän emeli aň modellerini işläp düzmegi gadagan etmäge çagyrýar.
«OpenAI ChatGPT-niň howpsuzdygyny nygtaýar, ýöne hakykatda ol dost ýaly görnüp, howply lukmançylyk maslahatlaryny berýär, adamlary töweregindäkilere we öz-özüne zyýan ýetirmäge iterýär» diýip, Aýowa ştatynyň Baş prokurory Brenna Býord belleýär.
Günbatar Wirjiniýanyň Baş prokurory Jeý Bi Makkaski hem, şikaýatçylaryň pikiriçe, çagalary goramagyň we ulanyjylaryň ýaşyny barlamagyň ýeterlik mehanizmleriniň ýokdugyny görkezdi.
OpenAI howpsuzlyk çärelerini kämilleşdirmek we emeli aňy kadalaşdyrmak boýunça umumy düzgünleri işläp düzmek üçin amerikan häkimiýetleri we hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.
«Hiç bir ulgam doly kämil bolup bilmese-de, biz işimizi kämilleşdirmek we goşmaça howpsuzlyk çärelerini ornaşdyrmak üçin hünärmenler bilen hyzmatdaşlyk etmegi dowam etdireris» diýip, kompaniýanyň wekili Drýu Pusateri habar berdi.
Şeýle çäreleriň arasynda ol ata-ene gözegçiligini, arakesme etmelidigi barada ýatlatmalary we ulanyjylaryň ýaşyny göz öňünde tutýan gorag mehanizmlerini sanap geçdi.