ABŞ Microsoft-yň we Adobe-niň işgärlerine wiza we green card bermegini bes etdi

Düýn, 15:201,940

ABŞ-nyň häkimiýetleri 8 sany iri IT kompaniýasynyň daşary ýurtly işgärler üçin ýaşamak rugsatnamasyny (green card) resmileşdirmek maksatnamasyna gatnaşmagyny wagtlaýyn togtatdy. Çäklendirmeler Microsoft, Adobe, Cognizant, Infosys, Tata Consultancy Services, Wipro, HCL Technologies we Capgemini kompaniýalaryna degişlidir.

Reuters agentliginiň habar bermegine görä, ABŞ-nyň Zähmet ministrligi täze arzalary kabul etmez we ozal tabşyrylan arzalara garamagyny hem wagtlaýyn togtadar. Edaranyň maglumatlarynda aýdylyşy ýaly, bu kompaniýalar 2009-njy ýyldan bäri daşary ýurtlardan üç milliona golaý hünärmeni işe çekip, H-1B iş wizasy üçin, takmynan, 230 müň, ýaşaýyş rugsatnamasy (green card) üçin bolsa 100 müň tassyknama alypdyr.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jeý Di Wens çäklendirmeleriň «zerur bolan möhlete çenli» öz güýjüni saklajakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Wens Microsoft kompaniýasyny amerikan hünärmenleriniň ýerine daşary ýurtly işgärleri işe almakda aýyplady. Onuň pikiriçe, kompaniýa daşary ýurtly işgärlere zähmet hakyny az töläp bilýändigi üçin olary ileri tutýar. Ol bu babatda Microsoft-yň 2025-nji ýylda alty müň amerikan işgärini işden boşadyp, şol bir wagtyň özünde işgärleri üçin 6 300 sany H-1B iş wizasyny we 3 000 sany ýaşaýyş rugsatnamasyny alandygyny mysal getirýär.

Microsoft kompaniýasynyň wekilleri hem öz gezeklerinde geçen ýyl tabşyrylan wiza arzalarynyň 80 göteriminiň täze işgärleri işe almak üçin däl-de, ozal berlen rugsatnamalaryň möhletini uzaltmak üçin niýetlenendigini aýtdylar. Şeýle hem kompaniýa daşary ýurtly işgärlere beýleki hünärmenler bilen deň derejede zähmet haky tölenýändigini-de aýratyn nygtady.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň häkimiýetleri wiza maksatnamalaryndan hyýanatçylykly peýdalanmakda güman edip, Garward, Ýel we Stenford ýaly 9 sany ýokary okuw mekdebini barlamakçy bolýar. Amerikanyň Bilim boýunça geňeşi halkara alyş-çalyş maksatnamalaryna goşulmagyň ýurduň ykdysadyýetine düýpli täsir edip biljekdigini duýdurdy. Guramanyň maglumatlarynda daşary ýurtly talyplaryň ABŞ-da her ýyl, takmynan, 40 milliard dollar harçlaýandygy aýdylýar.

Bu çäreleriň geçirilýän döwründe Prezident Donald Tramp IT pudagynyň wekillerine, şol sanda Microsoft-yň ýolbaşçysy Satýa Nadella we SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Maska sylag hem gowşurdy. Ýeri gelende aýtsak, olaryň ikisi-de öz wagtynda ABŞ H-1B wizasy arkaly gelipdi.