ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp emeli aňy mundan beýläk «super aň» diýip atlandyrmalydygyny yglan etdi. Onuň pikiriçe, «emeli» sözi, hamana, gürrüň haýsydyr bir ýasama zat hakda gidýän ýaly ýalňyş düşünje döredýär.
Amerikan lideriniň BMG-niň Baş Assambleýasyndaky çykyşy Ak Tamyň YouTube-kanalynda ýerleşdirildi.
Mundan ozal Tramp özüniň ilkinji prezidentlik döwründe döredilen Kosmos güýçlerine meňzeş emeli aň güýçleriniň dörediljekdigini hem aýdypdy. Ol EA tehnologiýasyny ABŞ-nyň jemi içerki önüminiň 25 göterimine çenli bölegini eýeläp biljek «täze senagat öwürilişigi» diýip atlandyrdy we ony haýallatmak hakyndaky çagyryşlara garşydygyny duýdurdy.
«Birleşen Ştatlar häzir gaty köp gürrüň edilýän emeli aňyň üstünden bütindünýä gözegçilik ulgamyny gurmak baradaky ähli synanyşyklardan düýpgöter ýüz öwürýär.»
Ol «super aň» adalgasynyň tehnologiýanyň mümkinçiliklerini has takyk beýan edýändigini aýdyp, bu kesgitlemäniň resmi derejede ulanyljakdygyna umyt bildirdi.
ABŞ-nyň Prezidenti ýurduň häzir emeli aň ulgamynda öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini we bu liderligi mundan beýläk hem saklamaga niýet edýändigini belläp, şol bir wagtda tehnologiýany ösdürmekde seresaplylygy elden bermezligi-de sargady.