EA iňlis dilinde bolmadyk tekstler üçin 180 esse köp energiýa sarp edýär

Düýn, 11:541,085

Alymlar emeli aň ulgamlarynyň iňlis dilinden başga dillerde ýazylan tekstleri işlemek üçin 1,4 esseden 180 essä çenli köp energiýa sarp edip bilýändigini anykladylar. Şeýle netijä birnäçe emeli aň modeliniň işini öwren Miçigan uniwersitetiniň inženerleri geldiler.

Barlagyň netijeleri Kompýuter lingwistikasy assosiasiýasynyň EMNLP maslahatynda hödürlendi.

Energiýa sarp edilişindäki iň uly tapawut latyn elipbiýini ulanmaýan we emeli aňy öwretmek üçin sanly maglumatlary az bolan dillerde ýüze çykdy. Mysal üçin, hindi dilindäki soraglary işlemek iňlis dilindäkiden ortaça 7,9 esse, bengal dilindäkileri işlemek bolsa 15,3 esse köp energiýa talap edýär. Günbatar Ýewropa dillerinde bu tapawut, adatça, iki esseden geçmeýär.

Alymlar energiýa sarp edilişiniň artmagy bilen emeli aňyň jogaplarynyň takyklygynyň hem peselip bilýändigini anykladylar. Olaryň hasaplamalaryna görä, takmynan, 5,2 milliard adam iňlis dilindäkiden iki esse köp energiýa talap edýän dillerdäki tekstleri ulanýar.

Synaglar Qwen 3, Gemma 3 we Llama 3.1 modelleriniň kömegi bilen geçirildi. Olara 122 dilde dürli ýumuşlar, matematiki meseleler we açyk görnüşli soraglar berildi. Energiýa sarp edilişi ML.Energy ulgamy arkaly ölçenildi.

Alymlar bu tapawudyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde tekstleri tokenlere bölmek usulynyň aýratynlyklaryny görkezýärler. «Tokenizasiýa» diýlip atlandyrylýan bu işiň dowamynda tekst emeli aň tarapyndan işlenilýän ownuk böleklere bölünýär. Käbir dilleriň ýazuw aýratynlyklary sebäpli, şol bir manyny aňlatmak üçin has köp bölek gerek bolýar. Netijede, ulgamyň ýat we hasaplaýyş serişdelerine düşýän agram artýar.

Barlagyň awtorlary bu meseläniň çözgüdi hökmünde belli bir dillere ýörite uýgunlaşdyrylan emeli aň modellerini döretmegi we soraglary işlemekden öň iňlis diline terjime etmegi teklip edýärler.

«Işläp düzüjiler energiýa sarp edilişi we çykdajylar boýunça uly tapawut ýüze çykýan diller üçin has köp serişde gönükdirmeli. Şeýle hem okuw maglumatlaryny terjime etmek işine şol dillerde gepleýän adamlary çekmek zerur» diýip, barlagyň awtordaşy, Miçigan uniwersitetiniň emeli aň barlaghanasynyň ýolbaşçysy Rada Mihalseýa belleýär.