Google kompaniýasy özüniň täze emeli aň modeli Gemini 4 Hydrogen-iň adamlaryň gündelik ýüze çykýan soraglaryna, çylşyrymly sözlemlere, hatda harp ýalňyşlyklary bilen ýazylan haýyşlaryna-da emgenmän düşünýändigini mälim etdi.
Ulanyjy bir wagtyň özünde birnäçe soragy berip, bir pikirden beýlekisine geçip ýa-da haýyşyny doly we anyk düşündirmän biler. Emeli aň şeýle ýagdaýlarda hem goşmaça düşündiriş soramazdan, ulanyjynyň näme isleýändigine düşünmäge çalyşýar.
Gemini goşundysynda täze model uzak dowam edýän gepleşikleriň mazmunyny has gowy ýatda saklaýar we ýazgy taýýarlanylanda, tekstler redaktirlenende ýa-da resminamalar düzülende öňünden görkezilen stili we görnüşi has takyk berjaý edýär. Şeýle-de ol çylşyrymly işleri ýerine ýetirmek üçin Gmail, Google Drive, Airtable we Dropbox hyzmatlaryndaky maglumatlardan peýdalanyp bilýär.

Gemini 4 Hydrogen modelinde pikirlenmegiň dört derejesi göz öňünde tutulan. Olary iň pes derejeden iň ýokary derejä çenli üýtgetmek mümkin. Google-yň berýän maglumatlaryna görä, adaty iş tertibinde täze model öňki Gemini 3.8 Flash modelinden 2,5 esse çalt işleýär. Şol bir wagtyň özünde, onuň nädogry ýa-da toslanyp tapylan maglumatlary bermek ähtimallygy bäş esse azdyr. Bu model emeli aň agentleriniň maglumatlaryň takyklygyny saklamak ukybyny barlamak boýunça geçirilen içerki synagda 96,7 göterim netije görkezipdir.
Täze model PDF faýllaryny, elektron jedwelleri, diagrammalary, ses we wideoýazgylary seljerip bilýär. Üstesine, ol kompýuter programmalarynyň kodlaryndaky ýalňyşlyklary ýüze çykaryp, toplanan maglumatlaryň esasynda hasabatlary we tanyşdyryş materiallaryny taýýarlamaga-da ukyply. Modeliň maglumatlary kabul edip işlemek üçin niýetlenen kontekst göwrümi hem-de bir gezekde taýýarlap bilýän jogabynyň iň ýokary möçberi 1 million tokene ýetýär.
Gemini 4 Hydrogen modeli eýýäm dünýäniň köp ýurtlarynda elýeterli. Ony Gemini goşundysynda we Google-yň gözleg ulgamynda ulanyp bolýar. Mundan başga-da, işläp düzüjiler bu modelden Google AI Studio we Gemini API arkaly peýdalanyp bilerler. Google AI Pro we Ultra tölegli meýilnamalarynyň ulanyjylaryna bolsa, ony Google Antigravity hem-de Google Sheets hyzmatlarynda synagdan geçirmek mümkinçiligi döredildi.