Burnuň üstünde emeli aň: Google Gemini bilen işleýän akylly äýneklere sargyt kabul edilip başlandy

Şu gün, 17:40924
1 / 10

Google kompaniýasy ABŞ-da Gemini emeli aň kömekçisi bilen enjamlaşdyrylan Intelligent Eyewear atly akylly äýneklerine sargytlary kabul edip başlady. Äýnegiň daşky görnüşi Warby Parker we Gentle Monster kompaniýalary bilen bilelikde işlenip düzüldi.

Agramy, takmynan, 41 gram bolan bu äýnek 245 mA/sag sygymly akkumulýator bilen üpjün edilip, ol enjamyň dokuz sagada çenli işlemegine mümkinçilik berýär. Şeýle-de äýnege 12 megapikselli, giň görüş burçly kamera, iki sany dinamika, 2 GB operatiw we 64 GB içerki ýat ýerleşdirilendir. Enjam Qualcomm Snapdragon AR1 Gen 1 çipi bilen işleýär.

Gemini kömekçisi bolsa gündelik tabşyryklary ýerine ýetirip, kameranyň görüş meýdanyndaky zatlary tanap we ulanyja olar barada maglumat berip bilýär. Şeýle-de ol Google hyzmatlary bilen özara baglanyşykda işleýär.

Mundan başga-da, onda görüş ukyby pes bolan adamlara kömek etmek üçin Guided Vision funksiýasy göz öňünde tutulypdyr.

Äýnegiň Warby Parker çarçuwaly görnüşleriniň bahasy 395 dollardan, Gentle Monster çarçuwaly görnüşleriniň bahasy bolsa 449 dollardan başlanýar.

Enjam 2026-njy ýylyň 10-njy dekabrynda satylyp başlanar.