Hytaýyň Tianjin 117 gökdiräninde oturdylan Otis SkyRise kysymly iki lift dünýä rekordyny täzeledi. Olaryň çykýan iň ýokarky nokady 597,2 metr belentlikde ýerleşýär. Bu görkeziji boýunça kompaniýa Ginnesiň rekordlar kitabynyň degişli şahadatnamasyna eýe boldy.
Otis kompaniýasy Tianjin 117 binasyny liftler we eskalatorlar bilen üpjün edýän ýeke-täk kärhana bolup, ol bu binada jemi 266 sany enjam oturtdy.

Rekord goýan liftler uly belentliklerde we ýokary tizlikde işlemäge uýgunlaşandyr. Olaryň kabinalary aerodinamiki görnüşde taslanyp, ses geçirmeýän örtük bilen gurşalandyr. Dolandyryş ulgamlary bolsa enjamlaryň işini hakyky wagt tertibinde gözegçilikde saklamaga we ýolagçylaryň hereketini amatly guramaga mümkinçilik berýär.
Liftlerde tormoz wagtynda emele gelýän energiýany binanyň elektrik ulgamyna gaýtaryp berýän Otis ReGen tehnologiýasy hem ulanylýar.
Tianjin 117-niň gurluşygyny 2027-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Şondan soň gökdirän binanyň Hytaýda ulanylýan iň ýokary gat derejesine eýe bolmagyna hem garaşylýar.