Türkmenistanda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ýaş inžener — 2026» bäsleşigi yglan edildi.
Bäsleşik Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda geçiriler. Ýaryşlar dört ugur boýunça geçer: «BattleBots – Mini» («Robotlaryň göreşi»), «Mission» («Wezipeleri ýerine ýetirmek»), «Erjeller kodlaýar» we «Ýangyna garşy».
«BattleBots» ugry boýunça gatnaşyjylar öz robotlary bilen bäsdeşiniň robotyny hatardan çykarmak ýa-da ony meýdançadan çykarmak üçin bäsleşer. «Mission» ugrunda robotlar tennis toplaryny ýygnap, bellenilen zolaklara eltmelidir. «Erjeller kodlaýar» bäsleşiginde gatnaşyjylar «Scratch» programmirleme dilinde döredilen oýunlary, animasiýalary we beýleki taslamalary hödürläp biler. «Ýangyna garşy» ugry bolsa ýangynyň öňüni almaga we ony söndürmäge degişli taslamalara bagyşlanandyr.
Ýaş talaplary bäsleşigiň ugurlaryna görä üýtgeýär: käbir ýaryşlara 7–12-nji synp mekdep okuwçylary, «BattleBots» ugruna bolsa talyplar hem gatnaşyp biler.
Bäsleşige gatnaşyjylar 2026-njy ýylyň 20-nji noýabryna çenli öňünden ýazylmalydyr. Gatnaşyjylar gelmek-gitmek, naharlanmak we galmak baradaky meseleleri özbaşdak çözmeli.
Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgi arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993 61 862766.