ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň esaslandyryjysy Ilon Maska ýurduň ylym ulgamyndaky iň ýokary sylaglarynyň biri bolan Milli ylym medalyny gowşurdy. Bu barada AFP habar berýär.
Dabarada Ak Tamyň başlygy telekeçini «milli baýlyk» we «biziň döwrümiziň Tomas Edisony» diýip atlandyrdy. Şeýle-de ol Maska «örän, örän üýtgeşik adam» diýip häsiýetnama berdi.
Milli ylym medaly bilen Google kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Sergeý Brin, Nvidia kompaniýasynyň baş direktory Jensen Huang we AMD kompaniýasynyň ýolbaşçysy Lisa Su hem sylaglandy.
Dell Technologies kompaniýasynyň düýbüni tutan Maýkl Delle we Microsoft kompaniýasynyň baş direktory Satýa Nadella bolsa Milli tehnologiýa we innowasiýa medaly gowşuryldy.
MS Now neşiri bu ýyl sylaglananlaryň ählisiniň Forbes-däki sanawa girýän milliarderlerdigine ünsi çekdi. Neşiriň bellemegine görä, Mask şu ýyl taryhda ilkinji trillioner boldy.
Milli ylym medaly iň soňky gezek 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda ABŞ-nyň şol wagtky Prezidenti Jo Baýden tarapyndan gowşurylypdy. Şonda lukmançylyk, biologiýa we fizika ýaly ugurlarda ylmy işleri alyp barýan dokuz alym bu sylaga mynasyp boldy. Mundan başga-da, tehnologiýa we innowasiýa ulgamynda dokuz hünärmen hem-de üç adamdan ybarat bir topar sylaglandy.
Şol bir wagtyň özünde Tramp emeli aň barada ýene bir beýanat ýaýratdy.
«Ak Tam “super aň” diýen täze we has takyk adalganyň deregine “emeli aň” adalgasyny ulanýanlaryň ählisini DUŞMAN hasaplaýar!» diýip, ABŞ-nyň Prezidenti Truth Social ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.