Iňlis diliniň Kembrij sözlügi (Cambridge Dictionary) «ynsany» («human», ýagny «adama degişli») sypat sözüni 2026-njy ýylyň sözi diýip saýlady.
Dilçiler bu sözüň, köplenç, «adam tarapyndan ýazylan» (human-written), «adam tarapyndan döredilen» (human-generated, human-made) ýaly söz düzümlerinde duş gelýändigini belledi.

Sözlügiň awtorlary bu sözüň saýlanmagyny şeýle esaslandyrýar:
«Taryhyň dowamynda “human” sypat sözi haýwanlara we hudaýlara (soňky döwürlerde bolsa — maşynlara) garşylykda adamlary aňladyp gelipdi. “Human-written”, “human-generated” we “human-made” ýaly söz düzümlerinde barha ýygy-ýygydan duş gelmek bilen, indi ol bir zadyň emeli aňa garşylykda adamlar tarapyndan döredilendigini ýa-da adamlara mahsusdygyny hem görkezýär.
Mümkin, bu üýtgeşme emeli aňyň hemme ýerde giňden ýaýramagyny görkezýän adaty dil ösüşidir, ýöne ol has gyzykly bir zatdan hem habar berip biler: emeli aňa bolan gatnaşygymyzdaky öwrülişikli pursatdan».
Şeýle diýmek bilen, awtorlar indi biziň emeli aňy ýönekeý bir peýdaly gural hökmünde görmegimizi bes edip, ony özbaşdak «awtor» we bäsdeş ýaly kabul edip başlandygymyzy aýtmak isleýär.

2025-nji ýylda Kembrij sözlüginiň wersiýasy boýunça ýylyň sözi «Parasocial» («Parasosial») sözi bolupdy. Bu adalga adamyň meşhur şahsyýete, kitabyň (filmiň, serialyň we ş.m.) gahrymanyna ýa-da emeli aňa bolan birtaraplaýyn psihologik ysnyşygyny aňladýar.