Gazagystanyň parlamenti ilkinji gezek emeli aň esasly AI-Quryltai platformasynyň kömegi bilen kanun taslamasyny taýýarlady. Bu barada parlamentiň wise-spikeri Dinara Zakiýewa habar berdi.
«Çagalaryň sanly we maglumat howpsuzlygy hakynda» atly kanun taslamasy sanly mazmuny hökmany suratda ýörite belgilemek we kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin oýunlary saýlap-seçmek ýaly çäreleri göz öňünde tutýar.
Dinara Zakiýewanyň aýtmagyna görä, AI-Quryltai platformasynyň binýadynda «hukuk taýdan pikirlenmek» ukybyna eýe bolan emeli aň modeli ýerleşdirilen. Ol 800 müňden gowrak kadalaşdyryjy hukuk namasy esasynda tälim aldy. Ulgam ene-atalaryň ýüz tutmalaryny we halkara tejribesini seljerenden soň, sanly önümleri belgilemek, zyýanly mazmuny petiklemek hem-de ene-atalaryň gözegçiligini ýola goýmak boýunça teklipleri taýýarlady.
Kanun taslamasyna laýyklykda, sanly platformalaryň eýelerine kanunçylygyň talaplaryny bozandyklary üçin jogapkärçilik ýüklemek göz öňünde tutulýar.
«Çagalar üçin ýörite filtr ulgamy giriziler. Şoňa laýyklykda, degişli belligi bolmadyk we howpsuzlygy tassyklanmadyk sanly hem-de maglumat önümleri, goşundylar we oýunlar çagalara elýeterli bolmaz» diýip, Zakiýewa belledi.
Kanun taslamasyna jemi 120-den gowrak düzediş girizildi. Olaryň hatarynda sanly gurşawda çagalaryň hukuklaryny goramak we gözegçilikde saklamak üçin ýörite şahsyýet belgili kartlar (ID-kartlar) ulgamyny döretmek ýaly teklipler hem bar.
Emeli aň tarapyndan taýýarlanan ähli teklipler kanun taslamasynyň üstünde işleýän deputatlar we çagyrylan hukukçylar tarapyndan barlandy hem kämilleşdirildi. Häzirki wagtda resminama hökümetiň degişli netijesini almak üçin iberildi.