Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň we metjidiň gurluşygyny maslahatlaşdy

Şu gün, 22:551,389
1 / 3

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda Arkadag şäherine bardy. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, saparyň dowamynda ol şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşyk işleriniň gidişi bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Hususan-da, Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy dowam edýän 30 müň orunlyk «Arkadagyň ruhy metjidine» bardy. Türkmen halkynyň Milli Liderine desganyň gurluşyk we bezeg işleriniň gidişi, şeýle hem ulanylýan serişdeleriň aýratynlyklary barada maglumat berildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow taslamany durmuşa geçirmegiň depginlerini, gurluşyk serişdeleriniň hilini we binalaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Metjidi gözden geçirmegiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow onuň gapylarynyň goňşy Täjigistanda ýasalandygyny belläp, munuň iki döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň aýdyň beýanydygyny nygtady.

Iş maslahatynda jemgyýetçilik ähmiýetli desgalaryň, şol sanda daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň we çagalar bagynyň gurluşygy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gurbanguly Berdimuhamedow mekdebi enjamlaşdyrmakda dünýäniň ösen tejribesini öwrenmegiň hem-de okatmagyň täzeçil usullaryny özleşdirmegiň zerurdygyny belledi.

Mundan başga-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşygy, olary enjamlaşdyrmak we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy geljekki klasteriň önümleriniň hiliniň uly ähmiýete eýedigini nygtap, onuň diňe bir ýurdy lukmançylyk harytlary bilen üpjün etmekde däl, eýsem eksport mümkinçiliklerini giňeltmekde hem ähmiýetlidigini belledi.

Şeýle hem şäheriň sport toplumlaryny ösdürmek boýunça şekil taslamalary hödürlendi. Arkadag şäheriniň binagärlik, yşyklandyryş, ekologiýa görkezijileriniň we infrastrukturasynyň «akylly» şäher konsepsiýasyna hem-de häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigi nygtaldy.

Saparyň dowamynda Milli Lider Arkadag şäheriniň töwereginde bagçylygy ösdürmek barada hem aýtdy we ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutup, miweli baglaryň görnüşlerini giňeltmek boýunça maslahatlaryny berdi.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow 1500 orunlyk sadaka jaýy we metjidiň ýanynda gurulýan medrese bilen tanyşdy. Ertir geçiriljek Hatyra gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öten-geçenleri ýatlap, ýurduň abadançylygynyň we halkyň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna doga-dileg etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Metjidiň baş ymamy Gurhandan süreleri okap, doga-dileg etdi.