Internet hökmünde häzirki wagtda giňden ýaýran toruň ilkinji ulanyjysy Kaliforniýa uniwersitetiniň Los-Anjelesdäki bölüminiň (UCLA) 21 ýaşly talyp-programmisti Çarli Kleýn boldy.
Bu taryhy waka 1969-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda sagat 22:30-da bolup geçdi. Şol döwürde tor ARPANET diýlip atlandyrylýardy. Ol ABŞ-nyň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň kompýuterlerini birleşdirýärdi we häzirki internetiň esasyny düzdi.
Bu nähili bolup geçdi?
Çarli Kleýn Los-Anjelesde SDS Sigma 7 kompýuteriniň terminalynyň öňünde oturyp, 640 kilometr aradaşlykda ýerleşýän Stenford ylmy-barlag institutynyň kompýuterine uzak aralykdan birikmäge synanyşdy.
Stenfordda bolsa bu prosese programmist Bill Dýuwall gözegçilik edýärdi. Hereketleri utgaşdyrmak üçin ýaşlar bir wagtyň özünde adaty şäher telefonynyň üsti bilen hem habarlaşýardylar.
Kleýn ulgama girmek üçin LOGIN buýrugyny girizmelidi. Proses şeýle dowam etdi:
- Çarli L harpyny girizip, telefon arkaly Billden onuň ýazan harpyny görýändigini sorady. Bill muny tassyklady.
- Çarli O harpyny girizdi. Bill harpyň ekranda peýda bolandygyny aýtdy.
- Çarli G harpyny basdy, edil şol pursatam aragatnaşyk ulgamy doly hatardan çykdy. Sebäbi Stenforddaky kompýuteriň eýýäm ýady doldy.
Şeýlelikde, internet arkaly ilkinji iberilen habar «LO» bolup galdy.
Takmynan bir sagatdan soň hünärmenler ulgamy täzeden işe girizdiler. Kleýn ýene synanyşdy we LOGIN buýrugy dolulygyna üstünlikli iberildi.
Häzirki wagtda internetden dünýä boýunça 6 milliarddan gowrak adam peýdalanýar. Bu 1990-njy ýyllaryň başynda - tehnologiýanyň giňden ýaýrap başlan döwri bilen deňeşdirilende ägirt uly ösüşdir. Şol döwürde internete birikdirilenleriň sany müňden birinden hem azdy.
DataReportal kompaniýasynyň Digital 2026 Global Overview Report hasabatyna görä, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli internet ulanyjylarynyň sany 6,04 milliard adama ýetdi. Bu dünýä ilatynyň 73,2 göterimine deňdir. Halkara Telekommunikasiýa Bileleşiginiň (ITU) maglumatlary hem şu tendensiýany tassyklaýar: onuň hasaplamalary boýunça dünýä ilatynyň, takmynan, 74 göterimi internete birikdirilendir.
Deňeşdirip aýtsak, ilkinji web-saýtyň döredilen döwründe, ýagny 1991-nji ýylda internet ulanyjylarynyň sany bary-ýogy 5 million töweregidi. Dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragynyň internete girip başlamagy bolsa 2018-nji ýylda mümkin boldy.
Şeýlelikde, bary-ýogy 30 ýylyň dowamynda internet az sanly adamlaryň peýdalanýan aýratyn mümkinçiliginden dünýä derejesindäki gündelik zerurlyga öwrüldi.
Şeýle-de bolsa, rekord derejedäki görkezijilere garamazdan, hasabatlar sanly deňsizligiň henizem ýokarydygyny görkezýär. ITU-nyň we DataReportal-yň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda, takmynan, 2,2 milliard adam internetden peýdalanyp bilmedi.
Bu tapawut ykdysady we geografik ölçeglerde has aýdyň görünýär:
- Baý ýurtlarda ilatyň 94 göterimi internetden peýdalanýar, girdejisi pes ýurtlarda bolsa bu görkeziji bary-ýogy 23 göterim.
- Sebitleriň arasynda Ýewropa 92 göterim, Amerika 88 göterim bilen öňdeligi eýeleýär. Afrikada bolsa bu görkeziji 36 göterime deň.
- Şäherlerde ilatyň 85 göterimi internete girip bilýär, oba ýerlerinde bolsa bu görkeziji 58 göterim.
Häzirki wagtda ykjam giň zolakly aragatnaşyk torlary dünýä ilatynyň 96 göteriminden gowragyny gurşap alýar. Şonuň üçin esasy wezipe indi diňe infrastruktura döretmekden däl-de, enjamlaryň elýeterli bahada bolmagyny üpjün etmekden, sanly sowatlylygy ýokarlandyrmakdan we internet birikmesiniň hilini gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar.