Apple akylly öý üçin täze enjamlaryny tanyşdyrdy

Şu gün, 12:49346
1 / 13

Apple kompaniýasy akylly öý üçin täze enjamlarynyň birnäçesini, şol sanda 7 dýuýmlyk ekranly HomeView dolandyryş stansiýasyny, HomePod mini 2 kolonkasyny we Apple TV 4K telewizion pristawkasynyň täzelenen görnüşini hödürledi.

Täze önümler kompaniýanyň ekoulgamy we onuň Siri AI ses kömekçisi bilen bilelikde işlemäge niýetlenen.

Apple HomeView

Esasy täzelik HomeView stansiýasy — Apple enjamlaryny dolandyrmak üçin öý merkezi boldy. Ol 7 dýuýmlyk ekran we A18 prosessory bilen üpjün edildi. Bu çipi kompaniýa iPhone 16-da hem ulanypdy.

Akylly kolonka funksiýalaryndan başga-da, enjam FaceTime arkaly wideojaňlary amala aşyrmaga, girelge gapysyndaky kameradan şekili görmäge hem-de degişli enjamlar bar bolan ýagdaýynda öýdäki çyralary we temperaturany dolandyrmaga mümkinçilik berer.

HomeView stansiýasynyň bahasy 299 dollardan başlanýar. Satuwa 13-nji noýabrda çykar.

HomePod mini 2

Täze akylly kolonka bäş reňkde elýeterli bolar: ak, gök, ýaşyl, gülgüne we gara. Stereoulgamy ýa-da giňişlikde ýaýraýan sesi döretmek üçin birnäçe kolonka Apple TV 4K birikdirilip bilner.

Enjamyň yşyklandyrylyşy diňlenilýän alboma baglylykda reňkini üýtgeder we sazyň depginine görä ýanyp-öçer.

HomePod mini 2 30-njy oktýabrda 149 dollar baha bilen satuwa çykar.

Apple Home Collection

Şeýle hem kompaniýa HomeView arkaly dolandyrmak üçin enjamlar toplumyny tanyşdyrdy. Onuň düzümine LG ýa-da Schneider bilen bilelikde işlenip düzülen akylly termostat, domofon, gapy gulpy we beýleki gajetler girýär.

Temperatura sensorlary 30–40 dollar töweregi, beýleki enjamlaryň köpüsi bolsa 200 dollardan 350 dollar aralygynda bolar. Bu enjamlaryň satuwa çykjak möhleti we eltip bermegiň çäkleri heniz mälim edilmedi.

Apple TV 4K

Apple soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple TV 4K telewizion pristawkasyny täzeledi. Täze önüm A19 çipinde işleýär. Kompaniýa şekiliň we sesiň hiliniň gowulanmagyny, şeýle hem öý kinoteatryny döretmek üçin pristawkany birnäçe HomePod mini 2 kolonkasy bilen birleşdirmek mümkinçiligini wada berýär.

Enjam 13-nji noýabrda 299 dollar bahasy bilen satuwa çykarylar.