Samsung özüniň ilkinji klipsa görnüşli gulaklyklaryny hödürledi

Düýn, 21:212,094
1 / 2

Samsung kompaniýasy Günorta Koreýanyň bazarynda özüniň ilkinji klipsa şekilindäki Galaxy Buds On gulaklyklaryny hödürledi. Täze gulaklyk Galaxy Tab S12 flagman planşetleri we Galaxy SmartTag3 trekeri bilen bilelikde görkezildi.

Galaxy Buds On gulak ýelkenine berkidilýär, şol sebäpli gulak kanaly açyk galýar. Bu bolsa ulanyjylara daş-töwerekdäki sesi eşitmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, bu gulaklyklaryň ýene bir artykmaçlygy, olaryň rahatlygydyr. Hatda uzak dakylanda-da, olar ýadatmaýar we gulaga agram salmaýar.

Dinamikleri we akkumulýatorlary dogry ýerleşdirmek üçin, öndüriji gulagyň dürli şekili baradaky maglumatlary seljerip, kompýuter modelirlemesini geçirdi.

Galaxy Buds On gulaklyklarynyň tehniki aýratynlyklary we funksiýalary:

  • Model TwinBoost dinamikleri, daşky ýagdaýa baglylykda sesi awtomatik sazlaýan ulgam we sesiň daşyna ýaýramagyny azaltmak üçin Audio Leakage Reduction ulgamy bilen üpjün edildi. Gulaklyklar Class-D güýçlendirijisi bolan Qualcomm Snapdragon S7 Gen 1 çibinde işleýär, doly zarýad 9,5 sagada çenli aýdym diňlemegi üpjün edýär.

  • Sesi daş-töwerekdäki goh-galmagaldan aýratynlandyrmak üçin üç sany mikrofon, süňk üsti geçirijilik datçigi (Voice Pickup Unit) we maşyn bilimi ulanylýar.

  • Galaxy Buds On gulaklyklary emeli aň funksiýalaryny hem hödürleýär. Galaxy enjamlary bilen birikdirilende Google Gemini kömekçisini çagyrmak, gulaklygyň sensor paneline basyp saklamak arkaly sesli bellikleri çalt girizmek, şeýle hem olary, telefony jübüden çykarmazdan, Samsung Bixby kömekçisi arkaly gözlemek mümkinçiligi elýeterlidir.

  • Gulaklyklary kelle hereketi bilen dolandyryp — jaňlary kabul edip we öçürip, budilnigi öçürip hem-de habarnamalar baradaky duýduryşlary diňläp bolýar.

Galaxy Buds On enjamynyň satuwy Günorta Koreýada 27-nji oktýabrda 299 000 wona ($220) baha bilen başlanýar. Öndüriji täze önümiň beýleki bazarlara çykaryljak möhletleri we bahalary barada entek maglumat bermedi.