1809-njy ýylda Fransiýanyň imperatory Napoleon Bonapart Awstriýa bilen urşa taýýarlyk görýärdi. Emma onuň goşunlary dagynyk ýagdaýda dürli ýerlerde ýerleşýärdi. Aýratyn hem, general Ogýust de Marmon öz goşuny bilen Dalmasiýada galypdy. Napoleon oňa habar ýetirmegi öz öweý ogly, Italiýanyň wise-koroly Ežen de Bogarnä tabşyrýar. Bogarne bolsa generala şifrlenen harby hat gönderýär.
Şifriň açary saklanyp galmandygy sebäpli, hatyň many-mazmunyny 200 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tirip bolmady. Emma OpenAI kompaniýasynyň GPT-6 Astra emeli aň modeli meseläni alty sagadyň dowamynda şänik döwen ýaly etdi.
Hatyň şifrini SentinelOne kompaniýasynyň emeli aň inženeri we kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmeni Karter Çýorç çözdürdi. Ol bu barada öz blogunda gürrüň berdi.

Hatyň nusgasy 1969-njy ýylda Fransiýanyň harby goşunynyň žurnalynda çap edilipdi. Çýorç ony taryhy kriptografiýa bagyşlanan Cryptiana blogunyň üsti bilen tapdy. Soňra ol GPT-6 Astra modeliniň mümkinçiliklerini barlamagy ýüregine düwdi, sebäbi ol emeli aňyň ýakynda Ikinji jahan urşy döwründe Germaniýanyň «Enigma» şifrleme enjamy bilen baglanyşykly habary hem çözmegi başarandygyny eşidipdi.
Napoleonyň haty gomofonik şifr arkaly ýazylan eken. Bu usulda bir harpyň ýerine birnäçe dürli şertli belgi ulanylyp bilinýär. Hatdaky 33 belginiň manysy ozal anyklanypdy. Astra resminamany setirlere bölüşdirdi, golýazmadaky 175 belgini saýgardy, soňra bolsa näbelli belgileriň manylaryny dürli görnüşde barlaşdyryp, olardan düşnükli teksti düzmegi başardy.
«The Telegraph» neşiriniň belleýşi ýaly, şeýle işi adam hem ýerine ýetirip bilerdi, ýöne bu köp wagt we zähmet talap edýär.
Hatda ýaşyrylan maglumatlaryň arasynda Awstriýa bilen urşuň öňüsyrasynda fransuz goşunlarynyň ýerleşýän ýeri we sany barada maglumatlar bar eken. Şeýle-de onda garşydaşyň ähtimal hereketleri baradaky duýduryşlar berilýär.
Napoleon hatynda esasy goşundan uzakda ýerleşen general Marmona awstriýalylaryň öňünde yza çekilmezligi tabşyrýar:
«Ýörişe başlamak hakda buýrugy alanyňyzda, bir oýnamjyk harby bölümlere ýa-da bir üýşmek garamaýaklara howuňyzy basmaga ýol bermäň».
1809-njy ýyldaky uruş Marmon üçin üstünlikli tamamlandy. Ol fransuz goşunlaryny Dalmasiýadan çykaryp, Napoleonyň esasy leşgerine goşuldy we harby ýörişiň iň soňky uly söweşine gatnaşdy. Ýeňişden soň Napoleon oňa marşal derejesini berdi.