Hytaýyň Şandun welaýatynyň Jinan şäherinde «AgiBot» kompaniýasynyň «Expedition A3» kysymly 110 sany ynsanpisint roboty bir wagtda tans edip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada «Global Times» neşiri habar berýär.
Görkeziş kompaniýanyň onlarça robotyň hereketini utgaşdyrmak üçin döreden «LinkBots» ulgamynyň synagy boldy. Bu ulgam her bir enjamyň santimetr derejesindäki takyklygyny saklap, bir wagtda sazlaşykly hereketini üpjün etmelidir.
Çykyşyň dowamynda robotlar meýdançada hereket etmek, bökmek, öwrülmek we ýaňadan hatara düzülmek ýaly hereketleri sazlaşykly ýerine ýetirdiler. Synag köp sanly ynsanpisint roboty bir wagtda dolandyrmak üçin döredilen ulgamyň mümkinçiliklerini görkezmäge şert döretdi.
Hytaýly işläp düzüjiler robotlaryň sportdaky mümkinçiliklerini ösdürmekde hem üstünlik gazanýarlar. 2026-njy ýylyň aprelinde «Honor» kompaniýasynyň ynsanpisint roboty ýarym marafony 50 minut 26 sekuntda geçip, robotlaryň arasynda dünýä rekordyny goýdy. Awgust aýynda bolsa Beijing Humanoid Robot Innovation Center tarapyndan döredilen «Tiangong Ultra» roboty 100 metr aralyga ylgamakda rekord goýdy.