Öz-özüni tertipläp, arassa saklaýan öý görkezildi

Şu gün, 17:211,052
1 / 6

Ýaponiýada ilkinji gezek MW bot ulgamy köpçülige görkezildi. Bu ulgam ýaşaýyş jaýynyň içine gönümel ornaşdyrylyp, emeli aňy, datçikleri we öý robotyny birleşdirýär. Ol öý-hojalyk hysyrdylaryny, ýagny arassalamakdan we kir ýuwmakdan başlap, satyn alnan önümleri ýerleşdirmek ýaly dürli işleri özbaşdak ýerine ýetirýär.

MW bot «öý işlerini etmegiň zerurlygy bolmadyk öý» hökmünde häsiýetlendirilýär. Ilkinji görkezilişde robot öýe degişli zerur işleri ýerine ýetirdi.

«Bu öý adamlary arassaçylyk we kir ýuwmak ýaly gündelik öý işlerinden boşadýar. Şeýle-de ol içinde näçe köp ýaşaldygyça, şonça-da etmeli işlerini gowy öwrenýär we kämilleşýär. Biziň maksadymyz Ýaponiýada möhüm bolan durmuş meselelerini çözmek bolup durýar. Mysal üçin, är-aýalyň ikisi-de işleýän maşgalalarda öý işleriniň agramyny ýeňletmäge, ýeke ýaşaýan garry adamlara ideg etmek ýaly aladalary ýaşaýyş jaýynyň gurnalyşyndan başlap düzetmäge çalyşýarys. Bu pikiri durmuşa geçirmek üçin bolsa elimizde baryny ederis» diýip, kompaniýanyň wekilleri belledi.

Bu ulgamyň maksady öý enjamlaryny goşundylar arkaly uzakdan dolandyrmaga mümkinçilik berýän adaty «akylly öý» düşünjesinden has giňdir. MW öýi daş-töwerek barada maglumat ýygnaýan datçikler, maglumatlary seljermäge we olary öwrenmäge ukyply MW Intelligence emeli aň ulgamy hem-de fiziki işleri ýerine ýetirýän MW bot roboty bilen üpjün edilendir.

Hakyky ýaşaýyş şertlerinde adamlaryň özüni alyp barşy we daşky gurşaw barada toplanan maglumatlar ulgamyň yzygiderli kämilleşmegi üçin täzeden öwreniş platformasyna geçirilýär.

MW kompaniýasy bu ulgamyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrligi hem-de Täze energiýa we senagat tehnologiýalaryny ösdürmek guramasy (NEDO) tarapyndan durmuşa geçirilýän GENIAC (Generative AI Accelerator Challenge) milli maksatnamasyna gatnaşmak üçin saýlanylandygyny habar berdi.