Ynsanpisint Optimus robotynyň üçünji nesliniň suratlary heniz resmi ýagdaýda tanyşdyrylmanka, Tesla-nyň «Android» programmasyndan tapylyp, köpçülige ýaýrady. Programmada «gen3» belgili 3D-modeliň bardygy belli boldy.
Suratda robotyň täze görnüşi öňki «Gen 2.5» prototipi bilen deňeşdirilip görkezilýär.
Ondan görnüşi ýaly, Tesla Optimus-yň daşky görnüşini gaýtadan düýpli işläpdir. Açyk mehaniki bölekler görer gözden gizlenipdir. Robota ýalpyldysyz gara reňk, göwresine bolsa has bitewi we akgynly görnüş berlipdir. Bedeniniň we aýaklarynyň ýokary böleginiň arasyndaky bogunlar çeýe goraýjy bölekler bilen ýapylypdyr.
Üýtgeşmeler robotyň ellerinde hem bildirýär. Olar öňküsinden has kämil we gowy işlenilen ýaly görünýär. Tesla öň Optimus-yň elleriniň 22 sany erkin hereketi edip bilýändigini mälim edipdi.
Mart aýynda Ilon Mask robotyň üçünji görnüşiniňem üstünde işlenilýändigini, emma entek düzedilmeli ýerleriniň bardygyny aýdypdy we bäsdeşleri göçürip ýetişmez ýaly, ony diňe önümçilige goýlan wagty ýetibereninde görkezjekdigini ýaňzydypdy.