Mask: Neuralink ýakyn ýyllarda ysmaz adamlara ýöremäge kömek edip biler

Düýn, 14:552,460

SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ilon Mask Neuralink tehnologiýasynyň ýakyn ýyllarda ysmaz adamlara gaýtadan ýöräp başlamaga we ellerini hereketlendirmäge ýardam edip biljekdigini aýtdy.

«Geljekki ýyllarda Neuralink adamlara täzeden ýöremäge we ellerini hereketlendirmäge kömek eder» diýip, Mask özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.

Neuralink kompaniýasy beýnä oturdylýan we ony kompýuter bilen baglanyşdyrýan ýörite enjamlary işläp taýýarlaýar. Kompaniýanyň «Telepathy» atly taslamasy ysmaz adamlaryň elektron enjamlary beýniniň kömegi bilen dolandyrmagyna ýardam bermek üçin niýetlenendir. «Blindsight» atly beýleki taslamanyň maksady bolsa, doly kör adamlaryň görüş ukybyny dikeltmekden ybaratdyr.

2024-nji ýylyň awgustynda Ilon Mask tehnologiýanyň üstünlikli ösdürilmeginiň Neuralink enjamlaryny birnäçe ýyldan soň ýüzlerçe adama, bäş ýylyň içinde on müňlerçe adama, on ýylyň dowamynda bolsa millionlarça adama oturtmaga mümkinçilik berjekdigini aýdypdy.