Taryhda iň agyr Starship raketasy ilkinji orbital uçuşyny amala aşyrdy

Şu gün, 09:282,543
1 / 7

SpaceX kompaniýasy taryhda iň uly raketa bolan Starship kosmos gämisiniň orbital synaglaryny üstünlikli geçirdi.

Bu uçuşyň dowamynda Starship ilkinji gezek doly derejeli orbita çykdy — ozal raketa 13 gezek diňe suborbital ugurlar boýunça uçurylypdy.

Ilkibaşda Starship kosmosda on sagat töweregi bolup, bu aralykda Ýeriň daşyndan alty aýlaw eder diýlip çaklanylypdy. Ýöne kosmos gämisi birinji basgançakdan aýrylandan soň, Starship-iň alty hereketlendirijisiniň biri hatardan çykdy. Şol sebäpli SpaceX missiýany gysgaltmak kararyna geldi we gämini bary-ýogy üç sagatlyk uçuşdan soň Ýere gaýtardy.

Kosmos gämisiniň Ýuwaş ummana gonuşy kadaly geçdi. Starship mundan öňki esasy wezipesini hem üstünlikli ýerine ýetirdi — ol 26 sany Starlink hemrasyny orbita çykardy.

Super Heavy tizleşdirijisiniň hereketlendirijileriniň işinde hem näsazlyklar ýüze çykdy. Muňa garamazdan, uçuşdan birnäçe minut soň onuň hem suwa gonuşy şowly geçdi.

CNN-iň belleýşi ýaly, bu uçuşyň ähmiýeti örän uly bolup, ol synag uçuşlary tapgyryndan raketany doly derejeli ulanylyşa geçişiň başlangyjyny aňladýar, bu bolsa bütin kosmos pudagyny düýpli özgerder.