Tramp kosmosa uçuşyň sanyny ýylda 1000-e ýetirmek hakda tabşyryk berdi

Düýn, 17:202,516

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp ýurduň kosmos uçuşlarynyň we gonuşlarynyň sanyny 2030-njy ýyla çenli ýylda 1000-den hem artdyrmagy göz öňünde tutýan memoranduma gol çekdi. Häzirki wagtda amerikan kosmos pudagy her ýyl ortaça 200-den gowrak uçuşy amala aşyrýar.

​Resminama kosmos ulag infrastrukturasynyň ösüşini çaltlandyrmagy hem-de döwletiň hususy kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem administrasiýa býurokratik bökdençlikleri azaltmagy, uçuşlary geçirmäge we gerekli infrastrukturany gurmaga rugsatnamalary bermegi tizleşdirmegi niýet edinýär.

​Mundan başga-da Tramp Marsa gonmak üçin robotlary täjirçilik maksatly ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy. Geljekki maksatnamalarda Gyzyl planeta adamlaryň gatnawyny ýola goýmak meselelerine-de serediler.

​Memorandumuň maksady kosmos uçuşlarynyň depginini ýokarlandyrmak we Aýy hem-de Marsy öwrenmek bilen baglanyşykly maksatnamalary ösdürmek bolup durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.