Saýlanan şäher
1 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
22.06.2026 14:38
4.3k+
Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy
Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,...
18.06.2026 11:16
2.9k+
Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler
Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp...
28.05.2026 17:31
2.9k+
Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi
NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda...
27.05.2026 14:32
1.5k+
Astronawtlar üçin eşikleri suwsuz ýuwmagyň usuly işlenip düzüldi
Amerikaly inženerler suw ýa-da ýuwujy serişde ulanmazdan, eşikleri arassalamagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler, bu tehnologiýa geljekde Aýa we Marsa adamly ugradylýan missiýalarda ulanylyp bilner. Sowuk plazmanyň esasynda döredilen enjam suwuň we sarp edilýän materiallaryň çäkli şertlerinde matalary dezinfeksiýa etmek üçin niýetlenendir
23.05.2026 15:01
3.7k+
SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy
SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji...
14.05.2026 11:43
2.1k+
Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy
Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi.
11.05.2026 15:59
2.1k+
NASA-nyň Mars synagyna gatnaşyjylar üzňelikde 200 gün geçirdiler
NASA tarapyndan guralan CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylar, Mars ekspedisiýasynyň şertlerini gaýtalaýan toplumyň içinde doly üzňelikde 200 günden gowrak wagt geçirdiler. Bu ylmy synag jemi...
08.05.2026 14:18
5.7k+
Marsda Curiosity roweriniň burawynyň ujuna tötänleýin 13 kilogramlyk daş ilişip galdy
Curiosity mars roweri adatdan daşary ýagdaýa duçar boldy: nusga almak üçin burawlama işleri geçirilenden soň, bir daş bölegi buraw enjamyna ilişip galdy. Bu waka roweriň Marsda hereket edip ýörmeginiň bütin...
29.04.2026 16:00
2.1k+
«Curiosity» marsahodynyň tejribesi Marsyň topragynda onlarça organiki molekulalary ýüze çykardy
NASA-nyň «Curiosity» marsahody täsin himiki tejribäni üstünlikli amala aşyrdy. Onuň dowamynda Marsyň toprak nusgalarynda onlarça görnüşli organiki molekulalar tapyldy.
25.04.2026 12:14
8.7k+
Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer
Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe...
15.04.2026 11:07
2.2k+
Alymlar Marsy özleşdirmek üçin awtonom "robot iti" döretdiler
Şweýsariýaly inženerler we alymlar ýarym awtonom dört aýakly ANYmal robotyny üstünlikli synagdan geçirdiler. Ol Ýerden gelýän buýruklar bolmazdan geologik obýektleri özbaşdak öwrenmäge ukyplydyr diýip,...
22.03.2026 15:08
2.7k+
Marsda ilkinji gezek ýakut we sapfir emele getirýän mineral tapyldy
"Perseverance" mars apparaty Marsda ilkinji gezek korundyň — Ýer ýüzünde ýakut (rubin) we sapfirleriň emele gelmegine sebäp bolýan mineralyň spektral alamatlaryny ýüze çykardy. Bu yzlar Ýezero krateriniň gyrasyndaky dag jynslarynda tapyldy
22.03.2026 08:07
4.8k+
Curiosity-nyň tötänleýin daşy döwmegi Marsda täze açyş döretdi
Marsy öwrenýän Curiosity marsohody planetanyň ýüzündäki bir daşy tötänleýin döwdi we onuň içinden arassa kükürdi ýüze çykardy. Waka gadymy suwuň yzlary öwrenilýän Gediz-Wallis kanalynda bolup geçdi. Mundan ozal Gyzyl planetada diňe sulfatlar — kükürdiň başga maddalar bilen birleşmesi tapylýardy
08.03.2026 12:57
4.1k+
Modelirlemeler Marsy "gyzdyrmak" synanyşygynyň garaşylmadyk netijäni berendigini görkezýär
Barlagçylar Marsyň atmosferasynda aerozol pürkmekligiň täsirini modelirläp, emeli parnik effektini döretdiler. Hasaplamalar ters netijäni ýüze çykardy: planetanyň käbir sebitlerinde maýlamaklygyň ýerine has beter sowamaklyk bolup biler
08.03.2026 10:04
4.2k+
Marsda sagat näçekä? Inženerler planetalara sagat oýlap tapdylar
Britaniýanyň Chronova Engineering kompaniýasynyň inženerleri Marsda, Ýupiterde we Saturnda wagty görkezýän «Interplanetary Clock» — «planetalarara sagady» işläp düzdüler. Enjam 131 bölekden ybarat bolup, planetalaryň aýlanyşynyň dürli tizliklerini hasaba alýar
27.02.2026 21:08
9.5k+
Näme üçin Marsda diňe ýeralma bilen oňup bolmaz? Geljekki missiýalaryň esasy kynçylyklary
Köp adamlar geljekki kosmos missiýalaryny «Marsly» (Марсианин) filmi arkaly göz öňüne getirýär: gyzyl tozan, ýalňyzlyk we astronawtyň janyny halas eden ýeralma joýalary. Emma, hakykatda, uzak kosmosda ýaşamak diňe bir zatlar ösdürip ýetişdirmegi öwrenmekden has çylşyrymly meseledir
22.02.2026 18:03
2.6k+
Perseverance roweri Marsda özbaşdak çelgi almagy öwrendi
NASA-nyň Perseverance roweri taryhda ilkinji gezek Gyzyl planetada özüniň takyk çelgisini özbaşdak kesgitlemek mümkinçiligine eýe boldy. Öňler rower diňe tigirleriniň aýlanyşyna we töweregiň wizual seljermesine bil baglap, 30 metre ýetýän derejede ýalňyşlyk goýberýärdi
19.02.2026 09:05
2k+
Perseverance barlaglary Marsyň öň çygly we maýyl bolandygyny tassyklady
Marsyň ýüzünde geçirilen barlaglar milliardlarça ýyl ozal bu planetanyň öň çaklanylyşy ýaly buz bilen örtülmän, gaýta maýyl we çygly bolandygyny görkezdi. Munuň özi «Nuh eýýamy» diýlip atlandyrylýan döwürde (takmynan 4,1–3,7 mlrd ýyl ozal) Marsda äpet suw howdanlarynyň we derýalaryň bolandygyny çaklamaga doly mümkinçilik berýär
13.02.2026 13:59
6.8k+
Alymlar: Marsda tapylan gadymy alkanlar planetada öň ýaşaýşyň bolandygyny delillendirýär
NASA-nyň «Curiosity» marsohody Geýl krateriniň palçykly jynslarynyň arasyndan uzyn zynjyrly organiki molekulalary — düzüminde 10–12 uglewod atomy bolan alkanlary ýüze çykardy. Science Alert neşirindäki makalada bellenilişi ýaly, häzirki wagtda olaryň dykyzlygy her milliarda 30–50 bölege deňdir
10.02.2026 11:20
9.4k+
Ilon Mask 10 ýyla ýetirmän Aýda şäher gurup boljakdygyny aýdýar
Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasy Marsy eýelemek meýlini ikinji orna süýşürip, ünsüni Aýa gönükdirdi. Indi milliarder Aýda öz-özüni ösdürýän şäheriň taslamasy barada çynlakaý pikir ýöredýär
08.02.2026 10:23
2.3k+
Ugur üýtgeýär: SpaceX ilki Marsa däl-de, Aýa uçmagy makul bildi
SpaceX kompaniýasy 2027-nji ýylyň martynda Starship gämisiniň Aýyň ýüzüne ilkinji uçarmansyz gonuşyny amala aşyrmak isleýär. Bu barada The Wall Street Journal neşiri habar berýär. Maglumata görä, kompaniýa indi ilkinji nobatda Aý maksatnamasyna we NASA-nyň Artemis taslamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga ünsüni gönükdirmek kararyna geldi
03.02.2026 11:54
2.2k+
Perseverance Marsyň Ýezero kraterinde gadymy kenarýakanyň yzlaryny tapdy
Marsyň Ýezero kraterinde gadymy kenarýaka zolagynyň bardygyny tassyklaýan subutnamalar tapyldy. Bu bolsa planetanyň geçmişde dykyz atmosferasynyň bolandygyny görkezýär. Bu barada Londonyň Imperial kollejiniň alymlary habar berýärler
02.02.2026 12:09
1.7k+
Emeli aň Marsa baryp ýetdi: NASA ilkinji gezek Perseverance marsahodynyň nawigasiýasynda emeli aň ulandy
2025-nji ýylyň dekabr aýynda Perseverance marsahody Ýezero kraterinde Anthropic kompaniýasynyň Claude uly dil modeli tarapyndan düzülen ugur boýunça takmynan 400 metr ýol geçdi diýip, NASA habar berýär. Bu waka agentligiň planetara roweriniň nawigasiýasy üçin emeli aňyň ulanylan ilkinji ýagdaýy boldy
31.01.2026 18:11
3.9k+
Mars gijesiniň seýrek suraty: Curiosity emeli yşyklandyryşda surat düşürdi
Marsyň üstüni öwrenýän "Curiosity" apparaty "gyzyl" planetanyň gijeki görnüşiniň seýrek suratyny almagy başardy. Bu surat 2025-nji ýylyň 6-njy dekabrynda, apparatyň Marsdaky işiniň 4740-njy gününde düşürildi
28.01.2026 14:31
2.5k+
Marsda öň Demirgazyk buzly ummandaky ýaly kän suwuň bolanlygy çaklanylýar
Alymlar Marsyň demirgazyk ýarym şarynda gadymy ummanyň kenar ýakasyny ýatladýan derýa hanalaryna meňzeş gurluşlary tapdylar. Bu barada Live Science neşiri habar berýär. Bern uniwersitetiniň hünärmenleri «ExoMars Trace Gas Orbiter», «Mars Express» we «Mars Reconnaissance Orbiter» orbita apparatlarynyň kameralarynyň kömegi bilen Mariner jülgesini içgin öwrendiler
07.01.2026 14:07
6.8k+
Marsdaky Curiosity enjamy planetadan «baýramçylyk otkrytkasyny» iberdi
NASA Marsdaky Curiosity enjamy tarapyndan düşürilen panorama suratyny hödürledi. «Baýramçylyk otkrytkasynda» Geýl kraterindäki Şarp dagynyň eňňitleri şekillendirilýär. Fotosuratda günüň dürli wagtynda düşürilen suratlar birleşdirilýär diýip, Phys
20.12.2025 19:24
2.5k+
NASA: Perseverance marsroweri azyndan 2031-nji ýyla çenli missiýasyny dowam etdirmäge taýýar
NASA-nyň Perseverance marsroweri birnäçe tehniki synaglardan üstünlikli geçdi we geljekki ýyllarda Marsda gözleg missiýasyny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Milli aeronawtika we kosmos giňişligini barlamak boýunça müdirlik (NASA) habar berdi
19.12.2025 17:16
3.7k+
NASA-nyň orbitadaky enjamy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy
NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter orbital enjamynyň bortuna gurnalan HiRISE (High Resolution Imaging Experiment) kamerasy Marsyň üstüniň 100 000-nji suratyny aldy. Ýubileý surat missiýa başlanandan tas 20 ýyl soň düşürildi
11.12.2025 09:32
2k+
NASA Marsdaky MAVEN enjamy bilen aragatnaşygy ýitirdi
ABŞ-nyň Milli aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek edarasy (NASA) MAVEN (Mars Atmosphere and Volatile EvolutioN) Mars zondy bilen aragatnaşygyň ýitendigini habar berdi. Bu enjam Gyzyl planetanyň atmosferasyny öwrenmek bilen meşgullanýar
10.12.2025 09:53
5.9k+
7-nji ýanwarda planetalaryň ýörişi bolar we ol indiki gezek 2267-nji ýylda gaýtalanar
2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda planetalaryň ýörişi bolar: Gün, Wenera we Mars bir hatara diýen ýaly düzüler, olaryň arasyndaky burç aralygy bolsa bir gradusa çenli azalar. Bu astronomik hadysanyň indiki gezek diňe XXIII asyrda gaýtalanmagyna garaşylýar diýip, RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-Ýer fizikasy institutynyň metbugat gullugy habar berdi
27.11.2025 13:17
4.6k+
NASA-nyň ESCAPADE Mars zondundan düşürilen ilkinji suratlary çap edildi
NASA Marsa tarap barýan ESCAPADE zondundan alnan ilkinji suratlary hödürledi. Suratlar apparatyň kadaly işleýändigini we öz işlerini ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassyklaýar. ESCAPADE missiýasy 14-nji noýabrda Blue Origin kompaniýasynyň New Glenn super agyr raketasynyň kömegi bilen badalga aldy
15.11.2025 14:58
4.9k+
Blue Origin ilkinji gezek Marsa zond iberdi we New Glenn raketasynyň birinji basgançagyny yzyna gaýtardy
Blue Origin kompaniýasy New Glenn raketasynyň kömegi bilen ilkinji gezek orbita peýdaly ýük çykardy we onuň birinji basgançagyny Atlantikdäki barža yzyna gaýtardy. Uçuş ýerli wagt bilen 13-nji noýabrda 15:55-de (Aşgabat wagty bilen ertesi gün 01:55) Kanaweral burnundaky ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň bazasyndan amala aşyryldy
29.10.2025 11:10
5.1k+
Mongoliýada Gobi çölünde Marsdaky durmuşa meňzedilen syýahatçylyk lageri dörediler
Mongoliýada adaty bolmadyk syýahatçylyk taslamasy işlenip düzülýär: Gobi çölünde myhmanlar Marsdaky ýaly şertlerde ýaşaýşy başdan geçirip bilerler. Bu başlangyjy Ulan-Batorda ýerleşýän MARS-V guramasy amala aşyrýar
25.09.2025 15:48
3.2k+
Aýyň topragynda çaý ösdürip ýetişdirdiler - alymlaryň täze barlagynyň netijeleri
Kentiň uniwersitetiniň alymlary Britaniýanyň Dartmoor Tea çaý plantasiýasy, Lightcurve Films kompaniýasy we Europlanet bilen hyzmatdaşlykda çaýyň Aýyň topragynda ösdürilip ýetişdirilip bilinjekdigini anykladylar
15.09.2025 09:50
2.9k+
NASA Perseverance-yň tapyndysyny Marsdaky ýaşaýşyň iň ygtybarly subutnamasy diýip atlandyrdy
NASA-nyň Marsda hereket edýän Perseverance enjamy tarapyndan ýygnalan nusga gadymy mikrob durmuşynyň yzlaryny saklap biler. Bu barada 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Nature žurnalynda neşir edilen NASA-nyň ylmy gözleginde aýdylýar
11.09.2025 21:21
6.6k+
NASA-nyň täze tejribesinde 4 meýletinçi bir ýylyny Marsyň “simulyatorynda” geçirer
NASA Marsyň barlag bazasyny simulýasiýa edýän gurşawda adamlary izolirlemek boýunça tejribeleriniň ikinji tapgyryny geçirer. 19-njy oktýabrda dört meýletinçi Hýustonyň Jonson adyndaky Kosmos merkeziniň Mars Dune Alpha barlaghanasyna ugrar
15.08.2025 19:02
5.1k+
Astronomlar ilkinji gezek Marsdaky gijeki bulutlaryň doly şekilini düşürdiler
Astronomlar ilkinji gezek Marsdaky gijeki bulutlary jikme-jik öwrenip bildiler. Planetanyň atmosferasynyň Ýeriňkiden has ýukadygyna we gurakdygyna garamazdan, onda howanyň ýagdaýyna täsir edýän suwuň kiçijik buz kristallarynyň bulutlary bar
15.08.2025 12:43
7.7k+
ABŞ-da öýüň üçegini deşen meteoritiň ýaşy Ýerden 20 million ýyl uly bolup çykdy
“Makdono meteoriti” adyny alan kosmos daşy iýun aýynda ABŞ-nyň Jorjiýa ştatynyň Makdono şäherindäki bir öýüň üçegini deşdi. Jorjiýa uniwersitetinden planetar geolog Skott Harris bu materialy öwrendi we meteoritiň takmynan 4,56 milliard ýyl ozal emele gelendigini kesgitledi
13.08.2025 07:36
9.5k+
Marsda Ýerde näbelli mineral tapyldy
Marsa köpýyllyk gözegçilikler onuň üstüniň jikme-jik kartasyny döretmäge mümkinçilik berdi, ýöne planetanyň mineral düzümi häzire çenli doly öwrenilmän galýar. Alymlar bu planeta barada täze düşünjeleri almak üçin zond we spektr maglumatlaryny seljermegi dowam etdirýär, bu bolsa käwagtlar garaşylmadyk netijeleri berýär
09.08.2025 18:21
3.1k+
SpaceX Starship-iň Marsa uçmagy barada ilkinji şertnamasyny baglaşdy, müşderi Italiýa boldy
SpaceX öz Starship kosmos gämisini Mars missiýalary üçin hödürläp başlady we eýýäm ilkinji şertnamasyny baglaşdy. Ilkinji müşderi Italiýanyň kosmos agentligi (ASI) boldy. ASI-niň prezidenti Teodoro Walenteniň aýtmagyna görä, agentlik Gyzyl planetanyň üstünden maglumat ýygnamak üçin ylmy enjamlary ibermegi meýilleşdirýär
«
1
2
»
«
1
2
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.