2026-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda dört meýletinçi NASA-nyň Marsda ýaşamagyň şertlerini emeli ýagdaýda döretmek boýunça geçiren 378 günlük synagyny tamamlady.
CHAPEA maksatnamasynyň ikinji tapgyryna gatnaşanlar Hýustondaky Jonson adyndaky Kosmos merkeziniň çäginde ýerleşýän ýapyk ýaşaýyş toplumynda bir ýyldan gowrak wagt ýaşap, geljekde Marsa amala aşyryljak ekipažly ekspedisiýanyň şertlerini simulýasiýa etdiler.
Synag 2025-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda başlandy. Toparyň düzümine serkerde Ross Elder, lukmançylyk hünärmeni Ellen Ellis, ylmy işgär Metýu Montgomeri we bort inženeri Jeýms Spaýser girdi. Olar synagyň dowamynda 3D çap etmek tehnologiýasy arkaly gurlan, meýdany, takmynan, 158 inedördül metre deň bolan Mars Dune Alpha modulynyň içinde ýaşadylar we işlediler.
Toplumyň içinde ýaşaýyş otaglary, aşhana, lukmançylyk bölümi, iş ýerleri, türgenleşik zaly we ösümlik ösdürip ýetişdirmek üçin ýörite meýdança ýerleşdirilipdi. Gatnaşyjylar dürli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirdiler, ylmy barlaglary geçirdiler, enjamlara tehniki hyzmat etdiler we skafandr geýip, Marsyň ýüzüne çykmagy simulýasiýa etdiler.
Şeýle hem olar bar bolan serişdeleri tygşytly peýdalanmaly we tehniki näsazlyklary özbaşdak düzetmeli boldular. Ýer bilen aragatnaşyk 22 minutlyk gijikme bilen amala aşyryldy.
NASA synaga gatnaşyjylaryň fiziki we psihologik ýagdaýy, iş ukyby, şeýle hem uzak wagtlap üzňelikde ýaşamak şertlerinde topar bolup hereket etmek başarnygy baradaky maglumatlary toplady. Synagyň netijeleri geljekde Aýa we Marsa amala aşyryljak ekspedisiýalar üçin kosmos gämilerini, ýaşaýyş modullaryny we ýaşaýşy üpjün ediş ulgamlaryny taslamaga ýardam eder.
Bu CHAPEA (Crew Health and Performance Exploration Analog) maksatnamasynyň eýýäm ikinji missiýasydyr. Geçen gezekki topara giren dört meýletinçi hem şeýle kysymly modulda 378 gün ýaşapdy. Olaryň synagy 2023-nji ýylyň 25-nji iýunyndan 2024-nji ýylyň 6-njy iýulyna çenli dowam edipdi.
Şuňa meňzeş, ýöne has gysga möhletli synag Gazagystanda hem geçirilipdi. 2025-nji ýylyň oktýabrynda Astanada SANA-1 taslamasy işe girizilip, onuň çäklerinde dört zenan ylmy işgär kosmos gämisini şekillendirýän ýerüsti modulda 10 gün geçirmelidi. Olar üzňelikde ýaşamagyň adam psihikasyna, ünsüň jemlenmegine, stres derejesine we toparlaýyn hyzmatdaşlyga ýetirýän täsirini öwrendiler, şeýle hem dürli tehniki synaglary ýerine ýetirdiler.