«Swift» basym atmosferada ýanar: kosmos teleskopy 22 ýyllyk missiýasyny tamamlady

Şu gün, 08:081,307

NASA 2004-nji ýylyň noýabrynda uçurylan «Swift» kosmos obserwatoriýasynyň ylmy işiniň resmi taýdan tamamlanandygyny mälim etdi. Enjam orbitada, takmynan, 22 ýyl işledi – bu bolsa ilkibaşda meýilleşdirilenden on esse köpdür. Ýakyn hepdelerde obserwatoriýa Ýeriň atmosferasynyň dykyz gatlaklaryna girip, şol ýerde doly ýanyp gider.

Missiýanyň tamamlanmagynyň sebäbi obserwatoriýanyň 275 kilometrden hem pes belentlige düşmegidir. Şeýle beýiklikde atmosferanyň garşylygy enjamyň ugruny, şeýle-de kosmos jisimlerini teleskoplaryň görüş meýdanynda durnukly saklamaga mümkinçilik bermeýär. Tomusda Katalyst Space kompaniýasynyň täjirçilik enjamynyň kömegi bilen teleskopy halas etmek synanyşygy-da geçirilipdi, ýöne tehniki näsazlyklar sebäpli missiýa başa barmady.

«Swift» obserwatoriýasy, köplenç, bir sekuntdan hem az dowam edýän iň güýçli energiýa zyňyndylary bolan gamma-partlamalary ýüze çykarmak üçin döredildi. Enjam partlamalary bellige almaga, onuň koordinatalaryny hasaplamaga we maglumatlary beýleki obserwatoriýalara ibermäge mümkinçilik berýärdi.

Iki onýyllyk işiň dowamynda obserwatoriýa 12 TB maglumat toplap (şol sanda 1,5 million surat), takmynan, 7000 ylmy neşir üçin esas döretdi. Missiýanyň dowamynda:

  • 2000-den gowrak gamma-partlamasy hasaba alyndy;

  • 1400-den gowrak super-täze ýyldyz öwrenildi;

  • 2005-nji ýylyň maý aýynda teleskop dowamlylygy 0,03 sekunt bolan «GRB 050509B» partlamasyny bellige alyp, gysga gamma-partlamalaryň iki sany neýtron ýyldyzyň birleşmeginden ýüze çykýandygyna ilkinji göni subutnamany berdi.

2008-nji ýylda uçurylan «Fermi» teleskopy bilen birlikde «Swift» obserwatoriýasy Älemde ýokary energiýaly prosesleriň iň doly kartasyny döretdi. Toplanan maglumatlar ylmy jemgyýet üçin açyk elýeterlidir.