Ýaponiýa Marsyň hemrasyna ilkinji bolup gonjak zondy uçurdy

Şu gün, 10:10904
1 / 3

Ýapon aerokosmos gözlegleri agentligi (JAXA) MMX zonduny kosmosa uçurdy. Bu zond dünýäde ilkinji bolup Marsyň hemrasy Fobosa gonup, ol ýerden toprak nusgalaryny Ýere getirmeli. Kosmos enjamy Ýeriň çäginden daşyna Tanegasima kosmodromyndan H-3 agyr göteriji raketasynyň kömegi bilen iberildi.

Zond çen-takmyn 2027-nji ýylyň awgust aýynda Fobosa ýeter. 2028-nji ýylyň dekabrynda bolsa ol agramy 10 gram töweregi bolan toprak nusgalaryny ýygnar. 2031-nji ýylda bolsa enjam Ýere gaýdyp geler we toprakly kapsulany aşak zyňar.

Toprak nusgalaryny öwrenmek arkaly alymlar Fobosyň we Marsyň özüniň gelip çykyşy barada maglumat almak isleýär. Bilim, medeniýet, sport, ylym we tehnologiýalar ministri Ýosihira Sekiniň aýtmagyna görä, bu missiýa Marsa adamyň gatnaşmagyndaky ekspedisiýalar bilen bagly tehnologiýalary işläp düzmäge hem kömek eder.

MMX zondunyň agramy 4,5 tonna bolup, gerimi dokuz metr bolan gün batareýalaryna eýedir. Enjam H-3 raketasyndan üstünlikli aýrylyp, bellenen orbita çykdy.