Astronomlar adam gözi bilen seredilende ýagtylygy ýaşyl ýaly kabul edilip bilinjek ak kiçi ýyldyzy ýüze çykardy. Alymlar bu üýtgeşik öwüşgini spektral maglumatlar boýunça kesgitledi, sebäbi ýyldyzy Ýerden göni görmek mümkin däl.
Ylmy gözlegiň netijeleri «RAS Techniques and Instruments» žurnalynda çap edildi.
Ak kiçi ýyldyzlar — öz ewolýusiýasynyň esasy tapgyryny tamamlan, Güne meňzeş ýyldyzlaryň sönüp barýan dykyz galyndylarydyr. Hünärmenler Ýerden 65 ýagtylyk ýyly uzaklykdaky 151 sany şeýle obýektiň spektrlerini öwrendi.
Işiň esasy awtory, Worik uniwersitetiniň astrofizigi Mark Hollandsyň aýtmagyna görä, ak kiçi ýyldyzlaryň biriniň üýtgeşik reňki onuň atmosferasynda kalsiý, natriý we litiý elementleriniň barlygy bilen baglydyr.
«Adaty ýyldyzlar, köplenç, mämişi, ak ýa-da gök bolup biler» – diýip, Hollands aýdýar.
Ak kiçi ýyldyzlaryň üýtgeşik öwüşginleri geliý maddasynyň beýleki himiki elementleriň garyndysy bilen özara täsiri sebäpli ýüze çykýar.
Ýaşyl obýektden başga-da, astronomlar uglerod molekulalarynyň ýokary konsentrasiýasy sebäpli gülgüne bolup görnüp biljek ýyldyzy hem ýüze çykardy.
Hollandsyň pikiriçe, täze synlamalar elýeterli spektral maglumatlary bolan ak kiçi ýyldyzlaryň sanyny on esse artdyryp biler. Bu alymlara üýtgeşik reňkli beýleki ýyldyzlary gözlemäge mümkinçilik berer.