Hytaýly alymlar emeli aňyň kömegi bilen 1995-nji ýyldan bäri subutnamasyz galan matematiki meseläni çözdi. Bu barada Şanhaý EA laboratoriýasyna salgylanyp, TASS habar berýär.
Uly aýlag uniwersitetiniň professory Sýu Dişeniň topary neýroulgamyň kömegi bilen Etýen Žisiň gipotezasynyň üç ölçegli (3D) ýagdaýynyň çözgüdini tapdy. Munuň üçin Şanhaý EA laboratoriýasy Intern-S2 multimodal modelini işläp düzdi.
Matematikler neýroulgam bilen bilelikde işledi. Hünärmenler umumy strategiýany, haýsy ugurda pikirlenmelidigini kesgitläp, emeli aňy ugrukdyrdy. Algoritm nädogry ýollary hödürlän ýagdaýynda, alymlar ony ret edip, gözleg ugruny elden düzetdi. Dun Bin bilen Lşu Žuoçuanyň ýolbaşçylygyndaky başga bir topar alnan netijäni barlady.
Žisiň gipotezasy tertipleşdirilen haos ulgamlaryny beýan edýär. Adaty durmuşda haos doly bulam-bujarlyk bolup görünýär. Ýöne fizika we matematikada haos — bu wakalary belli bir kanunlar boýunça ösdürýän berk ulgamdyr, ýöne onuň özüni alyp barşyny öňünden çaklamak örän kyn.
Şeýle proseslerde obýektler ýa-da ýagdaýlar käbir ugurlar boýunça dürli taraplara dargap, derrew biri-birinden uzaklaşýar, beýleki ugurlar boýunça bolsa ýakynlaşýar. Matematikler şeýle ulgamlary ilkinji bolup beýan eden sowet alymy Dmitriý Anosowyň hatyrasyna olary Anosowyň ulgamlary diýip atlandyrýar. Gipoteza eger aralygy ölçemek usulyny (metrikany) üýtgetseň, onda haosyň çen-takmyn hasaplamasyny (ýokary bahalandyrmany) daraldyp, ony hakyky haos derejesine (topologiki entropiýa) laýyk gelýän, takyk ýagdaýa getirip boljakdygyny öňe sürýär.
Awtorlar deslapky netijeleri arXiv platformasynda neşir etdi we GitHub-da kody açdy, ýöne ylmy žurnal işe syn bermegi entek tamamlamady.