Perunyň And daglarynda tapylan akkemençe ösümliginiň täze görnüşine meşhur futbolçy Lionel Messiniň hormatyna «Salvia messii» diýlen ylmy at berildi.
Ösümligiň açyk gök we ak gülleri Argentinanyň milli ýygyndysynyň lybasynyň reňklerini ýatladýar.
Täze tapylan akkemençesiniň bu görnüşi eýýäm ýok bolup gitmek howpy abanýanlaryň hataryna girdi.

Ösümligiň beýany San-Markos milli uniwersitetiniň Tebigat taryhy muzeýinden Paul Gonsalesiň, argentinaly barlagçy Rolando Uriýanyň we Huarango Nature guramasynyň biology Žan Kapça-Ramosyň ýolbaşçylygynda geçirilen ylmy barlagda çap edildi.
Salvia messii dodakgüllüler maşgalasyna degişli bolup, bu maşgala narpyzyň we akkemençäniň beýleki görnüşlerini hem öz içine alýar. Ösümligiň boýy, takmynan, 1,5 metre ýetýär. Ol daglyk ýerleriň amatsyz şertlerine uýgunlaşandyr. Bu ösümlik deňiz derejesinden 2 000–2 400 metr belentlikde ýerleşýän, gurak we daşly dag eňňitlerinde ösýär.
Ösümlige at berlende botanika atlandyrylyşynyň halkara düzgünleri berjaý edilensoň, oňa latyn diliniň kadasyna görä «messii» diýlipdir, ýagny Salvia messii — «Messiniň akkemençesi» diýlip terjime edilýär.
Amatsyz şertlerde hem ýaşap bilýän bu ösümlige howanyň üýtgemegi we tokaý ýangynlary howp salýar.

«Inter Maýami» toparynda çykyş edýän Messi taryhda iň köp baýrak gazanan futbolçydyr. Ol Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy we iki ýola Amerika Kubogyny gazandy. 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň başynda futbolçy milli ýygyndynyň düzüminde soňky duşuşygyny geçirdi.
Haýwanlaryň we ösümlikleriň täze görnüşlerine meşhur adamlaryň atlaryny dakmak ylmy dünýäde ýoň bolan tejribedir. Şu ýylyň başynda ispaniýaly barlagçy Hеsus Ortea deňiz mollýuskynyň täze görnüşine Kabo-Werde milli ýygyndysynyň derwezebany Wozinýanyň adyny dakdy. Şeýle-de ol 2019-njy ýylda tapylan ownuk deňiz ulitkalarynyň bir görnüşine Madridiň «Real» toparynyň we Kosta-Rikanyň milli ýygyndysynyň öňki derwezebany Keýlor Nawasyň adyny goýdy.