Özbegistanda ilkinji gezek seýrek gulakman türkmen ýarganaty tapyldy

Düýn, 18:515,221
1 / 3

Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Zoologiýa institutynyň alymlary daşary ýurt kärdeşleri bilen bilelikde ýurduň çäginde ilkinji gezek gulakman türkmen ýarganatyny ýüze çykardylar. Bu ýarganat örän seýrek duş gelýän we häzire çenli ýeterlik öwrenilmedik görnüşleriň biridir.

Ýarganat sentýabr aýynda Türkmenistanyň serhediniň golaýyndaky «Günorta Üstýurt» milli tebigy seýilgähinde geçirilen ylmy gözlegleriň dowamynda tapyldy. Gözlegler «Tebigaty goramakda bitewi saglyk» (One Health in Nature Conservation) atly taslamanyň çäginde alnyp baryldy. Taslama Tebigaty goramagyň halkara birleşigi (IUCN) we Germaniýanyň hökümeti tarapyndan goldanylýar.

Şu wagta çenli gulakman türkmen ýarganaty baradaky maglumatlarda galapyn 1970-nji ýyla çenli toplanan maglumatlara we muzeýlerde saklanýan nusgalara esaslanylýardy.

Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, soňky 55 ýylyň dowamynda bu görnüşe tebigy gurşawda duş gelinmändir diýen ýaly.

«1988-nji ýylda zoolog Pýotr Petrowiç Strelkow bu ýarganaty gulakman çal ýarganatynyň (Plecotus austriacus) bir görnüşi hökmünde häsiýetlendiripdi. 2006-njy ýylda bolsa Friderike Şpitzenberger we onuň kärdeşleri morfologik hem-de genetiki barlaglaryň netijesinde gulakman türkmen ýarganatynyň özbaşdak görnüşdigini ykrar etdiler» diýip, Zoologiýa institutynyň uly ylmy işgäri Mariýa Gritsyna gürrüň berýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, bu açyş ýarganatyň şu görnüşiniň Özbegistanyň haýwanat dünýäsinde hem duş gelýändigini tassyklaýan ilkinji subutnama boldy.

Mundan ozal, 2025-nji ýylda Berliniň Tebigy taryh muzeýiniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary Türkmenistanyň Garagum çölünde, serhediň golaýynda gulakman ýarganaty ýüze çykarypdy. Şol wagtlar hem bu görnüşiň goňşy Özbegistanyň çäginde hem ýaşaýan bolmagynyň mümkindigi barada çaklamalar öňe sürlüpdi.

Muzeýiň hünärmenleri bu ýarganatlaryň ýaşaýan gurşawyna abanýan howp barada hem duýduryş beripdiler.

«Merkezi Aziýanyň çölleriniň howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagy sebäpli tebigy ösümlik örtügi barha guraýar we yzygiderli azalýar. Şonuň üçin hem ýaşaýyş giňişligi eýýäm çäkli bolan bu görnüşiň mesgeni has-da daralýar».

Häzirki wagtda şunuň ýaly seýrek duş gelýän çöl haýwanlaryny gorap saklamak maksady bilen, Türkmenistanda meýdany 50 müň gektardan gowrak bolan goraghanany döretmek meýilleşdirilýär.