Alymlar Altaýdaky Denisowa gowagyndan soňky buzluk döwründe ýaşan, öň ylma näbelli bolan iri jübüt toýnakly süýdemdirijiniň galyndylaryny tapdylar. Current Biology žurnalynda çap edilen barlagyň netijelerine görä, bu haýwan häzirki ýaklaryň ýakyn kowumdaşy bolupdyr.
Halkara alymlar topary tapylan süňklerden, takmynan, 200 müň ýyllyk döwri öz içine alýan 20 gadymy genomy aldy. Olary öküzler maşgalasynyň beýleki wekilleriniň genetiki maglumatlary bilen deňeşdirmek arkaly galyndylaryň aýratyn ewolýusion ugra degişlidigi anyklandy.

Alymlar bu ewolýusion ugruň häzirki ýaklaryň ata-babalaryndan tas 400 müň ýyl ozal bölünip aýrylandygyny çaklaýarlar. Bu döwür howanyň örän ýyly bolan döwrüne gabat gelýär. Hut şeýle howa şertleriniň haýwanlaryň toparlarynyň biri-birinden üzňeleşmegine we täze görnüşiň döremegine sebäp bolandygy ähtimal.
«Bu ewolýusion ugruň döreýiş döwrüni deňeşdirmek üçin goňur we ak aýylaryň bölünip aýrylan wagtyny mysal getirmek göwnejaý bolar. Alymlar bu iki görnüşiň hem 400 müň ýyl çemesi öň bölünip aýrylandygyny aýdýarlar. Bu-da howanyň çendenaşa gyzan döwrüne gabat gelýär we şeýle şertleriň populýasiýalaryň üzňeleşmegine, netijede bolsa, täze görnüşleriň döremegine ýardam eden bolmagy mümkin» diýip, barlagyň awtorlarynyň biri Aleksandr Žilarden belleýär.
Galyndylar diňe Denisowa gowagyndan däl, eýsem, Altaý-Saýan dag ulgamynyň beýleki ýerlerinden we Sibiriň günortasyndan hem tapyldy. Olaryň iň soňky döwre degişlileriniň ýaşy, takmynan, 27 müň ýyl. Haýwanyň ondan biraz soňrak ýitip gidendigi çaklanylýar, ýöne onuň haçan we näme sebäpli ýok bolandygy häzirlikçe belli däl.

Häzirki wagtda ýaklar, esasan, Tibet belentliginde ýaşaýarlar. Uly ýaşly ýabany ýaklaryň agramy bir tonna çenli ýetip bilýär.
Alymlar entek täze görnüşi resmi taýdan beýan edip, oňa at goýanoklar. Çünki munuň üçin diňe genetiki maglumatlar ýeterlik däl. Barlagçylar bu babatda alnan netijeleri sebitde ozal tapylan we ýaklara degişli hasaplanan galyndylar bilen deňeşdirmegi meýilleşdirýärler.